24-nji dekabrda söweşijiler owgan paýtagty Kabuldaky hökümet edara jaýlarynyň toplumyna hüjüm etmezden ozal, bombaly ulagy partlatdylar diýip, resmiler we waka şaýat bolanlar aýdýarlar.
Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahiminiň sözlerine görä, birnäçe ýaragly adam bilen wakanyň bolan ýerine gelen owgan howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ok atyşyk dowam edýär.
Gürrüňi edilýän toplumda Jemgyýetçilik işleri boýunça ministrligiň we Zähmet, sosial meseleler, maýyplar boýunça ministrligiň edara jaýlary ýerleşýär.
Hüjümde adam ýitgileriniň bolandygy ýa-da bolmandygy barada maglumat berilmeýär. Şeýle-de, wakanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.