ABŞ mediasy Pentagona salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň esgerleriniň Siriýadan çekilmegi baradaky buýruga gol çekilendigini aýdýar. Prezident Donald Trampyň 19-njy dekabrda ýaragly güýçleriň Siriýadan doly çekilmegini planlaşdyrandygyny bildiripdi.
Habar agentligi “AFP” 23-nji dekabrda Amerikan harbylarynyň bir sözçüsine salgylanyp, “Siriýa baradaky permana gol çekildi” diýdi, ýöne ol bu barada dolurak maglumat berenok.
“CNN” telekanaly hem goranmak ministrliginiň bir resmisiniň buýruga gol çekilendigini tassyklandygyny aýtdy. Telekanal ýene bir resmä salgylanyp, permana wezipe başyndan aýrylyp barýan goranmak sekretary James Mattisiň gol çekendigini habar berdi.
19-njy dekabrda Tramp bir Twitter wideosynda biz Siriýada iş alyp barýan terror topary Yslam döwletini ‘ýeňdik” diýip, Amerikan ýaragly güýçleriniň hemmesini uruşdan ýaňa dargan ýurtdan çykaryp, öýe getirýändigini mälim etdi.
Bu işe Birleşen Ştatlaryň ýaragly güýçleriniň biwagt ýurtdan çekilmegi diýip düşünýän respublikan we demokart kanun çykaryjylar, öňki hökümet liderleri, şeýle hem halkara ýaranlar Trampy tankytladylar. Amerikan ýaragly güýçleri Yslam döwletine garşy söweşýan siriýaly araplary we kürtleri goldamak üçin 2015-nji ýylda Siriýada ýerleşdirildi.
Opponentleriň köpüsi Amerikan güýçleriniň çalt çykyp gitmegi kürt ýaranlara edilen dönüklik hasaplanar, olar ýakynda ýerleşýän türk esgerleriniň rehim-şepatyna garaşly bolar diýýärler. Ankara bu söweşijileri Türkiýede iş alyp barýan kürt pitneçileri bilen ilteşiklikde aýyplaýar.
Tankytçylar şeýle-de Birleşen Ştatlaryň çekilmegi Siriýada iş alyp barýan Eýran bilen Orsýetiň ýeňiş gazanmagy bolar diýip delil getirýärler.
23-nji dekabrda Fransiýanyň prezidenti Emmauel Makron Trampyň kararyna özüniň “juda gynanýandygyny” aýdyp, “ýaran ynamdar bolmaly” diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Trampyň ýakyn ýaranlarynyň käbiri prezidenti bu kararyndan dändirmäge synanyşdylar.
Tramp öz planlanlaryny aýan edeninden soň Mattis prezidentiň daşary syýasatyna protest bildirip, wezipeden çekilýandigini aýtdy. Bireleşen Ştatlaryň Yslam döwletine garşy global ýaranlygyndaky ýokary derejeli wekili Brett MkGurk hem wezipeden çekilýändigini bildirdi.
Siriýa ýedi ýyl bäri barýan raýat urşuna batdy. Orsýet bilen Eýran ýurduň prezidenti Başar al-Assady goldaýarlar. Birleşen Ştatlar bilen Türkiýe bolsa biri-birinden tapawutly hökümete garşy söweşijilere arka durýar.
Bu urşa beýleki taraplaryň ählisine garşy çykyp, Yslam döwleti-de goşuldy. Bu topar Siriýanyň we goňşy Yragyň uly bölegini eýeläp, yslam “halyflygyny” yglan etdi. Olar käbir regionlary häzir-de öz kontrollygynda saklasalar-da, güýçli ýerleriniň aglabasyndan kowlup çykaryldylar.