Ermenistanda Russiýanyň harby bazasynda gulluk geçýän 23 ýaşly bir esgere ermeni aýalyny urup öldürmekde aýyplama bildirildi. Bu barada Julieta Ghazariýanyň gyzynyň aklawçylary maglumat berdiler.
57 ýaşly Ghazariýana 2-nji dekabrda Ermenistanyň ikinji uly şäheri Gýrumride hüjüm edilipdi. Ol keselhana barýan pursady aradan çykdy.
Ol Russiýanyň 102-nji harby bazasynyň ýerleşýän Gýumri şäherinde köçe süpüriji bolup işleýärdi.
Ermeni resmileri jenaýat derňewi bilen baglylykda, şeýle-de aýyplanýanyň şahsyýeti, ady, ýaşy we saklanylýan ýeri barada häzirlikçe maglumat bermeýärler.
Emma, pidanyň gyzy Anahitiň aklawçysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde rus esgerine gazaply hüjüm etmek we bilmezlikden adam öldürmek aýyplamalarynyň bildirilendigini aýtdy.
Aklawçylar A.R. diýlip tanyşdyrylan aýyplanýanyň rus harby bazasynda saklanýandygyny hem mälim etdiler.
Esgeriň ermeni aklawçysy bu maglumaty tassyklady.
Hüjümiň sebäpleri nämälimligine galýar.