Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Stalin zamanynda bolan açlygyň 85 ýyllygyny belleýär


Bu açlyk netijesinde 3 milliondan 7 milliona çenli adamyň ölendigi çaklanylýar.
Bu açlyk netijesinde 3 milliondan 7 milliona çenli adamyň ölendigi çaklanylýar.

Ukraina 24-nji noýabrda Stalin zamanynda bolan açlygyň 85 ýyllygyny belleýär. Holodomor diýen at bilen taryha giren açlykda millionlap adam açlykdan öldi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti biraz öň bu açlygy “adam eli bilen döredilen” açlyk atlandyryp, “20-nji asyrdaky iň aýylganç jenaýatlaryň biri hökmünde” häsiýetlendirdi

Şeýle-de departament Orsýetiň gündogar Ukraina “dowam edýän agressiýasyna” – ukrain hökümet güýçleri bilen Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasynda barýan uruşda 2014-nji ýylyň martyndan bäri 10 müň 300-den gowrak adamyň öldürilendigineünsi çekdi.

Holodomor açlygy 1932-nji we 1933-nji ýyllarda, sowet häkimiýetleri ukrain daýhanlaryny kolhozlara girmäge mejbur edip, olaryň ýyl gallalaryny (azyklyk bugdaýlaryny) we beýleki azyk önümlerini konfiskasiýa edeninden soň döredi.

Bu açlyk netijesinde 3 milliondan 7 milliona çenli adamyň ölendigi çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG