ABŞ Täjigistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna alada bildirýär diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa we metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy kömekçisiniň orunbasary belledi.
Emiliýa Puma Duşenbede žurnalistleriň öňünde eden çykyşnda, özüniň ýolbaşçylyk edýän delegasiýasynyň ýokary derejeli täjik resmileri bilen duşuşyp, “metbugat azatlygy we media erkinligi” meselelerini gozgandygyny mälim etdi.
ABŞ-ly resmi Täjigistanda aklawçy Buzurgmehr Ýorowyň, şeýle-de beýlekileriň tussag edilmegine hem alada bildirdi.
Puma täjik hökümetiniň adam hukuklary meselesinde düşündiriş berendigini, emma olaryň mazmunyny jemgyýetçilige aýan etmäge ygtyýarlygynyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.
Puma 23-nji oktýabrda Duşenbede täjik resmileri bilen geçirilen Ikitaraplaýyn Ýyllyk Konsultasiýalaryna gatnaşmak üçin gelen ABŞ-nyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk edipdi.
Bellesek, Puma 25-26-njy oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek ABŞ-Türkmenistan Ikitaraplaýyn konsultasiýalaryna hem gatnaşar.
Maglumata görä, türkmen resmileri bilen geçiriljek bu ýylky konsultasiýalarda beýleki meseleler bilen bir hatarda regional howpsuzlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary, adam hukuklarynyň goralmagynyň üpjün edilmegi hem maslahat ediler.