Türkmenistanyň ähli künjeklerinde elektrik energiýasyny we gazy ölçeýji gurallary hojalyklarda oturtmak işleri güýçli depginde dowam edýär. Bu çäreler esasan welaýatlarda has içgin häsiýete eýe bolýar.
Regionlarda “Welaýatgazyň” işgärleri ýerli polisiýanyň gullukçylary bilen bilelikde hojalyklara aýlanyp, ilatyň ölçeýji gurallaryny barlaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy maglumat berýär.
Onuň sözlerine görä, oba ýerlerinde köp sanly hojalyk ölçeýji gurallar bilen bagly talaby heniz berjaý etmeýär.
Galyberse-de, eger-de öýlerde gaz ölçeýji gurallar oturdylan bolsa, häkimiýetler olaryň täzelenilmegini talap edýär.
Türkmenistanda elektrik energiýasy, gaz, suw we nahar duzy 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap tölegli edildi.
Bu karar Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda geçirilen soňky mejlisinde kabul edildi.
12-nji oktýabrda geçiren hökümet mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyldan başlap suwuň, gazyň we toguň mugtçulygynyň ýatyrylmagy bilen baglylykda, ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradowa täze töleglerden býujete girýän goşmaça serişdeleri hasaba almak işlerine gözegçiligi tabşyrdy.
Prezident kärhanalara we ilata gaz, elektrik we suw hasaplaýjy enjamlaryň oturdylmagyny, hem-de hasaplaşyk kitapçalarynyň berilmegini üns merkezinde saklamak işini wise-premýer Meredowa we Amangeldiýewe tabşyrdy.
Bu çärelere gözegçilik işleri içer işler ministri Isgender Mulikowa tabşyryldy.
Täze tölegler bilen bagly döwlet baştutany derejesinde berilýän görkezmeleriň fonunda, elektrik üpjünçilik edaralary we güýç gulluklary ilat arasynda bu işlere gözegçilik çärelerini güýçlendirýär.
Bu gün 16-njy oktýabrda Azatlygyň ýerli habarçysynyň maglumat bermegine görä, täze hasaplaýjy enjamlary bilen bagly welaýatlarda hojalyklara aýlanýan döwlet işgärleri bergili hojalyklaryň şu aýyň soňuna çenli ozalky bergilerini üzlüşmeklerini hem talap edýär.
“Sebäbi, gaz bilen elektrik togy eýýäm geçen ýyldan bäri tölegli edilipdi” diýip, habarçy belleýär.
Onuň sözlerine görä, täze talap edilýän suw hasaplaýjy gurallaryň bahasy 250 manada durýar.
Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan bäri ilatyň hojalyk hyzmatlary, şeýle-de elektrik energiýasy, gaz we suw bilen bagly ýeňillikli üpjünçiligi ýatyrylypdy. Bu barada geçen ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Ýaşulylar Maslahatynda degişli ýeňillikler bilen bagly täze ýokarlandyrylan nyrhlar girizilipdi. Şondan soň häkimiýetler ýurduň paýtagtynda we beýleki künjeklerinde hojalyklardan hasaplaýjy enjamlary oturtmagy talap edip başlapdylar.
Azatlyk Radiosy geçen hepde ýurduň Lebap welaýatynyň etraplarynda we Aşgabat şäherinde elektrik üpjünçilik edaralaryň işgärleriniň öýlere aýlanyp, hojalyklardan ölçeýji oturtmaklaryny talap edýändigi barada habar beripdi.
Hasaplaýjy enjam oturtmak boýunça güýçlenýän talaplaryň fonunda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ençeme türkmenistanly ýurduň dürli regionlarynda elektrik energiýasynyň, suwuň we gazyň üpjünçiliginiň kadaly däldigini gürrüň berýärler.
9-njy oktýabrda, paýtagt Aşgabadyň Parahat 2 we Parahat 3 etrapçalarynyň ýaşaýjylary 20 sagatlap suw üpjünçiliginden mahrum galdy.
Azatlygyň habarçylary ýurduň etrap we oba ýerlerinde toguň we gazyň häli-şindi kesilip durýandygyny, bu ýagdaýyň ýerli ýaşaýjylara dürli oňaýsyzlyklary döredýändigini habar berip gelýärler.
“Hronika Türkmenistan” neşiri 15-nji oktýabrda çap eden uly göwrümli makalasynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde suw üpjünçiliginiň kadaly däldigini, öýlere suwuň diňe agşam sagat 18:00 bilen 22:00 aralygynda berilýändigini, kä günler 24 sagatlap hojalyklaryň suwdan mahrum galýandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň resmi media serişdelerinde täze talap edilýän hasaplaýjy enjamlar dogrusynda, şeýle-de ilatyň suw, tok, hem-de gaz üpjünçiligi bilen bagly ýüze çykýan kemçilikler barada habar berilmeýär.