Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan şu ýylyň dekabrynda irki saýlawlary geçirmek teklibiniň yzynda berk durjakdygyny, syýasy garşydaşlarynyň teklibi boýunça, umumy saýlawlaryň geljek ýyla goýulmagyna garşy durjagyny aýtdy.
“Saýlawlar häzir däl-de, maýda geçirilmeli diýýänler syýasy krizisiň ýene bir sekiz aý dowam etmegini isleýärler” diýip, Paşinýan 3-nji oktýabrda žurnalistlere aýtdy.
“Biz bu logika bilen ylalaşmaýarys. Eger-de kanun çykaryjylar täze premýer-ministri saýlamagyň hötdesinden iki gezek gelip bilmeseler, parlament dargadylýar we Günorta Kawkaz ýurdunda irki umumy saýlawlara çagyryp bolýar” diýip, Paşinýan aýtdy.
Ol Ermenistanyň Respublika partiýasyndan (HHK), Gülläp ösýän Ermenistan partiýasyndan, eger özi işden çekilse, başga premýer getirmezlik wadasyny alandygyny aýtdy. Emma bu iki partiýa onuň aýdýanlaryny ret etdi we özleriniň umumy saýlawlary maýda geçirmegi teklip edendiklerini aýtdylar.