Eýranyň dürli ýerlerinde gaçak alkogolly içgilerden zäherlenen adamlaryň 24-si heläk boldy diýip, eýran mediasy 29-njy sentýabrda habar berdi.
Ölenleriň sanynyň iň kän bolan ýeri günortadaky port şäheri Bandar Abbas bolup, bu ýerde, ýarym resmi ISNA gullugynyň maglumatyna görä, spirtli içgilerden 16 adam öldi.
“Spirtli içgilerden zäherlenendigi sebäpli hassahana ýerleşdirilen adamlaryň sany häzire çenli 168-e baryp ýetdi” diýip, neşir welaýatyň medisina mekdebiniň sözçüsi Fatemeh Norouziana salgylanyp habar berdi.
“Gynansak-da, olaryň 16-ysy ýogaldy, sekiz sanysy bolsa agyr ýagdaýda” diýip, Fatemeh Norouzian aýtdy.
Bandar Abbasyň polisiýa başlygy Esmail MashayekhISNA habar gullugyna likýor öndürmekde güman edilen är-aýalyň tussag edilendigini, olaryň içgileri ýerleşdirijisi diýip güman edilýän adamyň hem saklanylandygyny aýtdy.
Hökümetiň IRNA habar gullugy adatdan daşary ýagdaýlar resmisine salgylanyp, spirtli içgilerden zäherlenmekden 264 adamyň ejir çekendigini, olaryň birnäçe welaýatda, şol sanda Hormozgan we Demirgazyk Horosan welaýatlarynda hassahanalara ýerleşdirilendigini habar berdi.