Pakistan Orsýet bilen bahasy 10 milliard dollara barabar bolan suwasty gazgeçiriji bilen bagly ylalaşyga 27-nji sentýabrda gol çekýär diýip, Pakistanyň “The Express Tribune” neşiri habar berýär.
Maglumatda bu taslama hususan-da Orsýetiň isleg bildirýändigi, Pakistanyň öňki hökümetiniň Moskwa bilen Pakistanyň arasynda gol çekiljek ylalaşygy tassyklandygy aýdylýar.
Türkmenistan Pakistany hem öz içine alýan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň gurluşygynyň dowam edýändigini aýdyp gelýär.
Ýöne halkara energiýa bilermenleri Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, hem-de Türkmenistanda dowam edýän ykdysady gowuşgynsyzlyk sebäpli bu taslama şübheli çemeleşýär.
“Pakistan Orsýet bilen aradaky taslamany durmuşa geçirmek işini ýurduň Inter State Gas Systems (ISGS) kompaniýasyna tabşyrdy. Pakistanyň wekiliýeti bahasy milliartlarça dollara barabar ylalaşyga gol çekmek üçin şu gün, çarşenbe güni Moskwa ugrarlar” diýip, “The Express Tribune” ýazýar.
Mälim bolşy ýaly, Pakistanyň Inter State Gas Systems kompaniýasy TOPH taslamasyna-da gatnaşyjy tarap bolup çykyş edýär.
Orsýet bilen Pakistanyň arasynda gol çekiljek ylalaşygyň esasynda Orsýetiň Gazprom kompaniýasy Eýrandan Pakistanyň Gwadar portuna çenli çekilmeli gaz geçirijiniň gurluşygyna maýa goýýar. Ol ýerden agzalýan gaz geçiriji arkaly Pakistana we Hindistana gaz satylar.
Ýatlasak, iki ýurduň arasynda gol çekilýän ylalaşyk barada ilki şu ýylyň iýun aýynda Pakistanyň metbugatynda habarlar peýda bolupdy.
Şonda Azatlyk Radiosy energiýa meseleleri boýunça ekspert Brýus Panniýer bilen bu taslamanyň gürrüňini edende ol, bu proýektiň Pakistan üçin has-da özüne çekijidigini nygtapdy.
“Bu proýekt TOPH-yň özüne çekijiligini azaldar. Elbetde, türkmen häkimiýetleri TOPH-dan el çekmezler” diýip, Panniýer Orsýetiň Pakistana edýän gaz teklibi bilen bagly garaýyşlaryny beýan etdi.
Ekspertiň sözlerine görä gürrüňi edilýän täze taslama arkaly aslynda Eýranyň gazy Pakistana satylar, ýöne Orsýet onuň özleşdirilmegine we ýerlenmegine maýa goýar.
“Bu taslama arkaly aslynda [Pakistana] Orsýetiň gazy satylmaýar. Orsýetiň Eýran bilen onuň gaz känlerini özleşdirmek boýunça şertnamalary bar. Şol gazdan [Eýranyň gazyndan] gelýän girdejilerde Orsýetiň paýy bar” diýip, Panniýer belledi.
“Tehniki taýdan alanyňda bu geçirijiden Eýranyň gazy akar. Ýöne onuň eýeçiliginde Orsýetiň paýy bar, sebäbi Orsýet bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine maýa goýýar” diýip, ekspert sözüniň üstüni ýetirdi.
Orsýetiň Neftegaz.ru neşiri döwlet eýeçiligindäki Gazprom kompaniýasynyň Eýranyň “Farzad-A”, “Farzad-B”, “North Pars”, hem-de “Kish” gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça proýektlere seredýändigi, bu gaz känleriniň Hindistana gaz satmak boýunça geljeginiň bardygyny aýdyp, 20-nji iýunda maglumat ýaýradypdy.
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli taslamasy barada aýdylanda bu proýektiň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda taraplaryň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda badalga berildi.
Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, bu gazgeçirijiniň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.
“Onuň umumy uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre deň bolup, onuň 214 kilometri Türkmenistanyň, 744 kilometri Owganystanyň, 826 kilometri bolsa, Pakistanyň çäginden geçip, ol Hindistanyň Fazilka atly ilatly nokadyna ýetiriler. Gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gaza deň bolar” diýip, Energiýa Hartiýasynyň geçen ýyl Aşgabatda geçirilen konferensiýasynyň resmi websahypasynda aýdylýar.
TOPH-yň Owganystandan geçýän böleginiň gurluşygyna şu ýylyň fewral aýynda badalga berlendigi barada iri metbugat serişdeleri habar berdi.
Ýöne başyndan bäri bu taslama bilen bagly soraglaryň yzy üzülmeýär; has soňky maglumatlarda, meselem, Hindistanyň metbugatynda awgustyň aýagynda çap edilen habarlarda Nýu-Deliniň TOPH-dan akdyryljak gazyň bahasyna täzeden seredilmegini isleýändigi, Pakistanyň metbugatynda bolsa ýurduň täze saýlanan premýer-ministriniň TOPH bilen bir hatarda Eýran bilen hem has ysnyşykly energiýa gatnaşyklaryny ýola goýmak isleýändigi barada habarlar ýaýrady.
Maglumat üçin aýdylsa, aprel aýynda eýranly resmiler türkmen gazyny swap, ýagny alyş-çalyş esasynda Eýranyň üstünden Pakistana akdyrmaga isleg bildirýändigini Türkmenistana teklip edendigini aýan etdiler. Eýran heniz öz gazyny Pakistana eksport edip başlamady.