Türkmen halkyna ýokardan “siz altyn asyrda ýaşaýaňyz” diýilýän-de bolsa, ýurtda azyk ýetmezçiligi, zähmetkeşleriň nägileligi we işsizlik barha artýar. Eger-de Berdimuhamedow ýagdaýlary tizden-tiz üýtgetmek bilen bolmasa, onuň sanlyja güni galan bolmagy mümkin.
Diýdimzorlaryň tagtdan agdarylyşyny görkezýän suratlar iňňän täsirli bolýar. Golaýda Zimbabweniň paýtagty Hararede 37 ýyl höküm süren Robert Mugabeniň häkimiýetiniň syndyrylyşyny görkezýän wideolar taryhy özgerişiň ýatdan çykmajak pursatlaryny müdimileşdirdi. Zimbabweniň owsarly halkyny zalym repressiýanyň, halkara üzňeligiň we betbagtçylykly ykdysady syýasatlaryň labry astynda ezen režimiň agdarylyşyny adamlar uly tomaşa bilen begenip gutladylar.
Merkezi Aziýadaky wakalary yzarlaýanlar regionyň iň bir özboluşly režiminiň, ýagny Türkmenistanyň awtoritar syýasatyny ýokarda agzalan režimiňki bilen birmeňzeş güýç-göçüm tilsimleriň kesgitleýändigini gürrüňsiz belläp geçendir. Örän az halkara goldawçysy bolan türkmen ýolbaşçylary ýurduň baýlyklaryny gümürtik kleptokratik häsiýetde dolandyryp, 30 ýyla golaý wagt bäri özdiýenli we repressiw karar mehanizmleriniň monopoliýasyny ýöredip gelýär. Bu hakykaty görmediksireýän ýurduň resmi propagandasy Türkmenistanyň awtoritar harabaçylygyny “altyn asyr” diýip görkezmäge dowam edýär; hamana parasatly baştutanlar türkmen halkyny ozal görlüp-eşidilmedik bolçulyga we asudalyga tarap alyp barýar.
Bu propagandanyň absurdlygyny we bolgusyzlygyny biz mydama-da nygtap gelýärdik, ýöne bu sapar bizde Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň durnuklylygyna we berkligine, şol bir wagtyň özünde onuň şahsy dolandyryş ukybyna şübheli garamaga esas döredýän ýeterlik subutnamalar bar. Resmi dokumentleriň hem-de habarlaryň aňyrsynda aýdyljak bolýan gürrüňleri seljerip, şeýle-de Türkmenistandaky kontaktlarymyz bilen gündelik ysnyşykly işleşip, biz Berdimuhamedowyň režiminiň terminal krizise, ýagny dermansyz derde ýolugan krizis döwrüne girendigine, ondan yza ykdysady syýasatda radikal reformalary girizmezden ýoluň ýokdugyna ynanýarys.
Türkmen illuziýasynyň soňy
Syýasy ykdysadyýetiň kesgitli kemçilikleri türkmen awtoritarlygynyň terminal režim krizisiniň düýp özenini düzýär. Tebigy gaz eksportlaryndan gelýän girdejileriň ýapyk häsiýetde dolandyrylmagyna 1992-nji ýyldan bäri garaşly ýurduň ilkinji we ikinji türkmen ýolbaşçylary milli ykdysadyýeti reformirlemek boýunça degerli başlangyçlary ýola goýmadylar. Şol sebäpden, 2017-nji ýylyň aýagynda ýurduň ykdysadyýeti henizem başdan-aýak, doly diýen ýaly diňe energiýa pudagyna garaşlylygynda galýar.
Türkmen ykdysadyýetiniň ýolbaşçylary girdejileri agzalýan häsiýetde diňe yzygiderli akdyrmagyň aladasyna gümra boldy we olar režimiň gapjygyna puluň durnukly akyp durmagyny gazanmak üçin Orsýet, Eýran we Hytaý bilen energiýa söwdalara baş goşdular. “Gazpromy”ň türkmen gaz bazaryndan çekilmeginiň, Eýran bilen dawaly energiýa gatnaşyklaryň doňdurylmagynyň we 2000-nji ýyllaryň ortalarynda Hytaý bilen gol çekilen gaz ylalaşygynyň käbir aýratyn şertleriniň netijesinde ýurda girýän girdeji ymykly azaldy. 2017-nji ýylyň aýagynda Türkmenistan özüniň esasy baýlygynyň eksportunyň maliýe mümkinçiliklerinden örän çäkli mukdarda peýdalanyp bilýär. Girdejileriň azalmagy öz gezeginde has ýiti gowuşgunsyzlyga ýol açyp, 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň hakyky ykdysadyýetine öz täsirini ýetirýär.
Režimiň awtoritar dünýägaraýyşyna görä, bu gün-günden ýowuzlaşýan ykdysady krizise prezidentiň töweregindäki elitler däl-de, Türkmenistanyň adaty ilat köpçüligi ýiti döz gelmeli. 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda ýurduň dürli künjeginde un ýetmezçiligi duýulýar diýen habarlar gelip gowuşdy, şol sanda beýleki zerur gündelik harytlar - şeker, ýag tekjelerden ýitirim bolup başlady. 2016-njy ýylda-da azyk-haryt ýetmezçiligi barada peýda bolan habarlar ondan öňki ýyllarda asla eşidilmezdi.
Soňky 12 aýyň dowamynda nagt pul elýeterliligi güýçli kemeldi. Türkmen häkimiýetleri bu täzeligi ‘döwlet nagt däl görnüşde hasaplaşygy ýola goýmak üçin tagalla edýär’ diýip düşündirýär, ýöne Aşgabatdan gaýry ýerlerde degişlilikde örän az söwda nokatlary bank kartlary arkaly hasaplaşygy amala aşyryp bilýär. Has düşnükli dil bilen aýdylanda, häzirki wagtda dolanyşykda ýeterlik derejede kagyz pul ýok. Çeker ýaly bankomatlarda köplenç pul ýok we welaýatlardaky käbir banklaryň şahamçalary indi ýapyldy. Şonuň üçin nagt pul tapmak aşa kyn. Bu ýagdaý daşary ýurtlarda ýaşaýan dogan-garyndaşlaryna pul ugratjak bolýan adamlara-da öz täsirini ýetirýär. Çagasy daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ene-atalar çagalaryna pul ugratjak bolsalar, desse-desse dokument eltip puly hakykatdanam ýokary okuw jaýynda okaýan ogul-gyzyna ugradýandygyny subut etmeli bolýarlar.
2017-nji ýylyň başlarynda daşary ýurtlara syýahat edýän türkmen turistleri ýurduň daşynda plastik kartlaryndan günde çekip biljek puly 250 dollar diýlip çäklendirildi. Noýabr aýynda bu mukdar günde 50 dollara düşürildi. Dollaryň gara bazardaky nyrhy 2017-nji ýylyň başlarynda 5-6 manat töweregi bolan bolsa, ýylyň aýagynda 1 dollaryň bahasy gara bazarda 9 manada çykdy. 2015-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dollaryň resmi bahasy 3,5 manatda saklanýar.
Çörek we söweş sungaty
Aýlyklaryň gijikdirilip tölenmegi ozallar Türkmenistanda seýrek duş gelen ýagdaý bolsa, ýurtda 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda aýlyklaryň giç tölenmegi adaty ýagdaýa öwrüldi. Döwlet çäräniň geçiriljek desgalarynyň we beýleki infrastrukturalaryň gurluşygyna ähmiýet berdi. Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň öňýany hökümet döwlet işgärleriniň aýlyklaryndan 20-30% tutup galdy. Muny işgärler oýunlara taýýarlyk döwründe öz aýlyklaryndan “meýletin” goşant goşdular diýip düşündirdiler.
2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryna zerur bolan binalaryň gurluşygy Türkmenistanda iş orunlaryny döretdi. Oýunlaryň başlajak gabatlarynda ýurtdaky işsizligiň derejesiniň 60 göterimdigine ynanylýardy. Aziýa oýunlary sentýabryň aýagynda tamamlandy, diýmek oňa taýýarlyk işlerine gatnaşanlar häzir işsiz galandyr. Ýerli işçiler üçin beýleki bir gynandyryjy habar, ýagny Türkmenistanyň döwlet nebit-gaz kompaniýalary bolan “Türkmennebit” we “Türkmengaz” kompaniýalarynyň iş orunlarynyň üçden biri kemeldilýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanda işsizligiň derejesi 80-85 göterime çykar diýip çaklamak ýurtaky gowuşgunsyz ykdysadyýetiň fonunda hakykatdan uzak bolmasa gerek.
2017-nji ýylda türkmen häkimiýetleri ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatlanandygyny, şonuň üçin halkyň “sowgada” mätäç däldigini aýdyp suwuň, gazyň we elektrik togunyň mugt üpjünçiligini ýatyrdy. Bu aralykda, azyk-harytlaryň bahalary galmagyna dowam edýär. Döwlet dükanlarynda harytlar bellenen bahadan satylýar, ýöne hususy dükanlarda harytlaryň bahasy döwletiňkiden üç esse gymmat satylýar. Oba ýerlerinde adamlar pul tapmak üçin mallaryny soýup etini satýarlar.
Golaýda şeýle agyr şertler iki sany seýrek protestiň guralmagyna getirdi. Daşoguz welaýatynda ene-atalar, esasan aýallar, çagalar baglarynyň tölegleriniň bir gijede 100% göterilmegine nägilelik bildirip 10-njy oktýabr güni welaýat bilim bölüminiň öňünde ýygnanýarlar. Bilim bölüminiň işgäri adamlara welaýat häkimligine gitmegi maslahat berýär. Adamlar onuň maslahatyna eýerýärler, ýöne bilim bölüminiň işgäri işden kowulýar we halky hökümete garşy küşgürtmekde aýyplanyp jogapkärçilige çekilýär. Protestçileriň talaplary bilen ýüzbe-ýüz galan ýerli häkim ene-atalara çagalar baglarynda suwa, gaza we toga tölenilmeli pullaryň artandygyny, şol sebäpden tölegleriň galandygyny aýdyp düşündirýär. Käbir ene-atalar öz çagalaryny çagalar baglaryndan alyp galýar. Ýöne türkmen häkimiýetleri çagalaryny tölegleri galan çagalar baglaryna ugratmaga dowam etmeseler, olaryň işden kowuljakdygyny aýdyp duýduryş berýärler.
Şondan iki gün soň, ýagny 12-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň pagtaçy daýhanlary çeken zähmetleriniň töleglerini talap edip, daýhan birleşigiň başlyklaryna nägilelik bildirýärler. Başlyk daýhanlaryň nägilelikleriniň erbet netijesiniň boljakdygyny aýdyp, olara haýbat atansoň ýagdaý az salymyň içinde güýjeýär. Ýerli ýaşulylaryň töwellasy bilen başlyk edarasyna dolanyp barýar we pagta meýdanyna dolanmaga garşylyk görkezenleriň ýerlerini elinden alyp, olaryň ýerlerini pagta meýdanlaryna dolananlara paýlap berýär.
Arkadagdan soň
Giň ýaýraýan ykdysady kynçylyklar halkyň režime berýän goldawyny gowşadýar. Yzy üzülmeýän kemçilikli ykdysady syýasat adaty türkmen halkynyň hemmä mälim çydamlylygyny synagdan geçirýär. Seýrek ýöne o diýen ähmiýeti bolmadyk agzalyp geçilen nägilelik protestleri munuň şeýledigine aýdyň subutnama bolup hyzmat edýär.
Prezidentiň şahsyýet kultunyň soňky döwürlerde has-da güýjedilmegi, Berdimuhamedowyň gürrüňi edilýän krizise improwizirlenen gaýtawulydygyny alamatlandyrýar. Ýöne muňa derek girdejileriň durnukly meýilnama esasynda täzeden paýlanylmagy ýurduň içinde režime abraý gazanmak üçin has ygtybarly çözgüt bolardy. Ýöne biz prezidentiň özüni goldaýan elitadan baýlyklary aýamak meselesinde oňa elýeterli galan mümkinçilikleriň gerimine şübheli garaýarys. Berdimuhamedowyň güýje berk gözegçiligi göwşüldäne çalym edýär. Munuň şeýledigini onuň merkezi we regional häkimiýetleri çendenaşa adatylykda yzly-yzyna çalyşýandygyndan we onuň has-da ýygjamlaşýan ýygy paranoýasyndan hem aňsa bolýar.
Şol sebäpden biziň sistema krizisi hasaplaýan ýagdaýymyza bada-bat çözgüt ýok. Bu diňe orta möhletli çäreler, ýagny daşary ýurtly maýadarlaryň gaz ýataklaryna maýa goýmaklaryna rugsat bermek arkaly ýa-da has inkluziw ykdysady reformalaryň üsti bilen Türkmenistanda dowam edýän negatiw ykdysady trendleriň hötdesinden gelip bolar.
Ýöne bu alternatiwalar hem degişlilikde elitanyň Türkmenistandaky energiýa baýlyklaryna eýeçiligini we gözegçiligini gowşadar ýa-da çäklendirer. Türkmenistandaky awtoritarizm bilen ykdysady rentierizm, ýagny bir döwletiň öz baý ojaklaryny kireýine bermek arkaly girdeji gazanmak teoriýasynyň arasynda çylşyrymly gapma-garşylyklar görünýäne çalym edýär. Şol sebäpden gysga möhletde munuň amala aşyryljakdygyny çaklamaga esas ýok.
Režimiň adatda bolşy ýaly öz ýoluna dowam etmek mümkinçilikleri barada pikir ýöredenimizde başga bir ssenariýniň hem ähtimallygyny gözden salmaly däl, ýagny ýolbaşçylaryň çalşygy. Bu ýagdaý barha öýkeleýän halka [ýene-de] hyýaly liberalizasiýa wadasyny hödürlär we şol bir wagtyň özünde elitany has giňişleýin täzeden düzmek prosesine mümkinçilik döreder. Oňa biri hemaýat bermese (Hazaryň statusy baradaky ylalaşyklaryň soňuna gelinmegi oňa hödürlenilýän ýardam bolmagy mümkin) Berdimuhamedowyň ýagdaýy öwerlik däl. Syýasy maksada laýyklygyň talaplaryna görä, eger-de elita girdeji krizisi bilen aýgytly göreşmekde dymmalyk etse, golaýda Hararede bolup geçen wakalar ol ýa-da beýleki görnüşde Aşgabatda gaýtalanmagy mümkin.
Bellik: Makala opendemocracy internet neşirinden terjime edildi.