Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili 21-nji awgustda ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki uly nobatda özüni erbet duýan zenanyň ölmändigini Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen gizlinlik şertlerinde eden söhbetdeşliginde aýtdy.
Читайте также на русском
"Birnäçe günüň dowamynda wizalary bermek boýunça kompýuter sistemasynda näsazlyk döredi we bu howanyň aşa gyzan - 40 gradusdan geçen wagtyna gabat geldi. Netijede, öz ogluna wiza almak üçin nobatda duran bir zenan hakykatdan hem özüni erbet duýdy. Emma oňa medisina kömegi berlensoň, ol özüne gelip, onuň ýagdaýy gowulandy" diýip, Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili gizlinlik şertlerinde gürrüň berdi. Emma ol şol zenanyň soňky ykbalyny anyklaşdyrmady.
Ýatlatsak, 21-nji awgustda Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki uly nobatda duranlaryň biri orta ýaşlaryndaky zenan huşuny ýitirdi. Bu barada Azatlyk Radiosyna şaýatlaryň birnäçesi habar berdi, şeýle-de olar bu ýagdaýy görkezýän wideo ýazgyny iberdi. Şol zenanyň adynyň Gözeldigini we onuň Lebap welaýatynyň ýaşaýjysydygyny anyklamak başartdy.
Bu ýagdaýa şaýat bolanlaryň sözlerine görä, şeýle-de bu wideo ýazgydan mälim bolşy ýaly zenana medisina kömegi berlipdir we ol tiz kömek ulagynda äkidilipdir. Şaýatlar onuň keselhana barýarka ýolda aradan çykandygyny habar berdiler.
Azatlyk Radiosy şonda bu ýagdaý boýunça Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan resmi kommentariý alyp bilmedi.
Täjigistanyň ilçihanasynda bu maglumaty kommentirlemekden çürt-kesik boýun gaçyrdylar. "Men bu barada asla kommentirlejek däl" diýip ilçihananyň özüni tanatmadyk wekili Azatlyk Radiosyna telefonda aýtdy we dessine trubkany taşlady.
Şol gün ilçihananyň öňünde nobatda duran adamlaryň birnäçesi heläk bolan aýalyň ogluna wizanyň berlendigini aýdypdy.
21-nji awgustda Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde özüni erbet duýan zenanyň ogluna täjik wizasynyň berlendigini bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň anonim resmisi hem tassyklady. Onuň 3-nji sentýabrda Azatlygyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, şol wakadan soň zenanyň ogly täjik wizasyna eýe bolupdyr we häzir ol Duşenbede.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň sözlerine görä, täjik wizasyny almak üçin ilçihananyň öňünde ýüzlerçe adamlyk nobatlar emele gelipdir. Nobata duranlaryň käbiri garaşyp, ilçihananyň öňünde birnäçe hepdeläp durmaly bolýarlar, emma şondada wiza alyp bilmän kösenýärler.
Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki uly nobatlar täze okuw ýylynyň öňüsyrasyna gabat geldi. Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri wiza almak üçin ilçihana ýüz tutýanlaryň esasy böleginiň studentlerdigini aýdýarlar.
Täjigistan türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlarda bilim almak üçin barýan esasy ýurtlarynyň biridir. Garaşsyz çeşmeleriň käbir maglumatlaryna görä, Täjigistanda 4 000 çemesi türkmenistanly bilim alýar.