Google Eýranyň döwlet eýeçiligindäki media korporasiýasy bilen ilteşikli YouTube kanallarynyň we beýleki hasaplaryň onlarçasyny petikländigini aýtdy.
23-nji awgustda Google öz geçiren sud derňewleriniň gürrüňi gidýän hasaplaryň “Eýran yslam respublikasynyň teleradiogepleşikler” (IRIB) atly media korporasiýasy bilen ilteşikli adamlar tarapyndan döredilendigini görkezýär diýdi.
Birleşen Ştatlarda jemi 13,466 gezek tomaşa edilen YouTube kanallarynyň 39 sanysy we Bloggerdäki alty hasap, şeýle-de Google+ sosial ulgamyndaky 13 hasap petiklendi diýip, Google mälim etdi.
“Eýran yslam respublikasynyň teleradiogepleşikler” (IRIB) media korporasiýasy häzirlikçe bu barada kommentariýa bermedi.
Facebook noýabrda ABŞ-da geçmeli kongres saýlawlarynyň öňüsyrasy syýasy ýalan maglumatlary ýaýradýan Russiýa we Eýran bilen ilteşikli 652 hasabyň we web sahypalarynyň öçürilendigini mälim edipdi.
Mundanam başga, Twitter saudylara we Ysraýyla garşy Eýran propagandasyny ýaýradan 300 hasabyň togtadylandygyny aýtdy.