Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň häkimiýetleri azyk dükanlaryna 'ünsüni' güýçlendirdiler


Aşgabadyň azyk dükany (illýustrasiýa)
Aşgabadyň azyk dükany (illýustrasiýa)

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary şäher häkimiýetleriniň hususy azyk dükanlarynyň işine gözegçiligini güýçlendirendigini habar berýärler. Bu ýagdaý dükan eýelerine polisiýa tarapyndan basyşlaryň güýçlenmegi baradaky maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

“Anna güni 17-nji awgustda Aşgabadyň Parahat mikroraýonlarynda agşam sagat dokuzdan başlap, polisiýanyň awtoulaglary ýene-de ses edip, jaýlaryň daşyndaky hususy awtoulaglary kowup başladylar. Bu ýagdaý günüň ertesi ýene-de dowam etdi. Soň mälim bolşuna görä, şäheriň häkimi Durdylyýew Parahat mikroraýonuna barlag bilen barypdyr. Onuň bu saparynyň netijesinde diňe bir raýatlaryň ulaglaryny ýok etmek däl-de, hem döwlet, hem-de hususy dükanlaryň öňünde gutularda duran gök-önümleri we miweleri ýok etmek görkezmesi berlipdir” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 22-nji awgustda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy azyk dükanlarynyň işine degişli bu barlaglaryň maksadyny we jikme-jiklerini Aşgabadyň häkimligine jaň edip, anyklap bilmedi.

Munuň bilen bir wagtda hususy dükanlaryň eýeleri soňky döwürde barlagçy döwlet edaralarynyň we polisiýanyň basyşlarynyň güýçlenendigini belleýärler. Hususan-da birnäçe gün mundan öň Aşgabatda polisiýanyň hususy dükanlaryň eýelerinden pul talap edip, eden-etdilikli hereketlere baş goşýandygy habar berlipdi.

Parahat mikroraýonunda hususy dükan eýesine polisiýa işgärleri tarapyndan basyş edilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň birine Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy şaýat boldy.

“Meniň gözümiň öňünde polisiýa işgärleri maşynly gelip, dükan eýesiniň ýanyna bardylar. Olar dükan eýesine gök-bakja önümlerini dükanyň girelgesinde goýýandygyny aýdyp, yrs aradylar we ondan munuň üçin özlerine pul bermegi soradylar ýa-da miweli duran gutuny alyp gitjek boldular” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 16-njy awgustda habar beripdi. Onuň sözlerine görä, şonda dükan eýesi ne pul, ne-de gök-bakja önümlerini berjekdigini aýdansoň, polisiýa işgärleri onuň elini gaňryp, ony Parahat-4 etrapçasyndaky polisiýa merkezine alyp gitjek boldular, emma soň goýberdiler.

Habarçymyzyň soň anyklamagyna görä, polisiýa dükan eýesinden birnäçe gawun, garpyz we bir guty pomidor alansoň gaýdypdyr.

Türkmenistanyň paýtagtynda hususy dükanlara häkimiýetler tarapyndangözegçiligiň we polisiýa tarapyndan basyşlaryň güýçlenmegi barada habar berilýän bu ýagdaýlar ýurtda azyk önümleriniň gytçylygynyň we gymmatlamagynyň fonunda bolup geçýär.

Aşgabatda ençeme aý bäri çörek, un, şeker we pagta ýagyny satyn almak umydy bilen döwlet dükanlaryna barýan adamlaryň köpçülikleýin nobata durmagy dowam edýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň bellemegine görä, hususy dükanlara edilýän basyşlar köplenç uly syýasy-jemgyýetçilik wakalarynyň ýa-da döwlet resmileri tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýän halkara çäreleriniň öňüsyrasynda hasam güýçlenýär.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabadyň häkimiýetleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça bäşinji Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda paýtagtyň diňe bir Parahat mikroraýonlarynda 50-den gowrak hususy dükany doly ýapypdy.

Şu günler Türkmenistanyň häkimiýetleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň inisiatiwasy boýunça sentýabrda geçiriljek “Amul-Hazar” awtorallisine giňden taýýarlyk görýärler.

XS
SM
MD
LG