Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaspi sammiti umytlary ödedimi?


Hazarýaka döwletleriniň liderleri Kaspi sammitinde. Aktau. 12-nji awgust, 2018 ý.
Hazarýaka döwletleriniň liderleri Kaspi sammitinde. Aktau. 12-nji awgust, 2018 ý.

12-nji awgustda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň liderleri Hazar deňziniň durumy hakda uzak wagt bäri garaşylyp gelinýän konwensiýa gol çekmek maksady bilen Gazagystanyň Aktau şäherinde duşuşdylar.

Liderler duşuşdylar, konwensiýa gol hem çekildi, ýöne bäş döwletiň ählisini kanagatlandyrjak geleşigi bökdeýän meseleler 20 ýyldan gowrak soňra ýene-de öňküsi ýaly galdy.

Bäş prezident meseleleriň aglabasy hakda ylalaşsalar-da, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani deňzi bölüşmek işiniň Eýran üçin bir mesele bolup galýandygyny belledi. Rohani Kaspiny bölüşmek meselesini çözmek hakda ýene-de gepleşikleriň gerekdigini aýtdy. Ol bu ýerde ýurtlaryň her birinde kenardan başlap, olaryň territorial suwlary hasaplanylýan 22 kilometrlik giňişligi ýa-da bu ýurtlaryň deňizdäki serhetleriniň çatryşýan nokadyny göz öňünde tutýarmy, bu belli däl.

Rohani Kaspiniň ekologik howpsuzlygyny kepillendirmek boýunça agzalýan döwletleriň üstüne düşýän jogapkärçilik barakdaky borçnamalaryň hem aýdyňlaşdyrylmagy üçin ýene-de gepleşikleriň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň prezidenti gepleşikleriň açylyşynda eden çykyşynda ylalaşygyň Hazarda çet ýurtlaryň harby gatnaşyklaryna ýol berilmegini ret edýän bölümini taryplasa-da, jemleýji beýanatynda geleşigiň çet ýurtlaryň harby ýükleriniň Kaspidan gatnadylmagyna-da ýol berilmezligini öz içine almalydygyny aýtdy. Rohani hiç bir ýurduň adyny agzamasa-da, ol bu ýerde Birleşen Ştatlaryň Azerbaýjandan Gazagystanyň Aktau we Guryg portlaryna ýük ibermek baradaky ylalaşygyna salgylanýan bolsa gerek.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow hem indiki sammitiň Türkmenistanda geçirilmegini teklip etdi.

Liderler beren beýanatlarynda Kaspi ylalaşygynyň öz ýurtlary üçin has möhüm taraplaryny nygtap geçdiler.

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew söwda gatnaşyklarynyň Kaspida gämi gatnawynyň giňelmegine goşant gaşjakdygyny bellediler. Hem Nazarbaýew hem-de Aliýew Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky täze söwda köprüsi hakda gürrüň etdiler.

Prezident Rohani hem bu beýanatlara seslenip, hazar döwletleriniň arasyndaky söwdanyň öz bolmalysynyň diňe bir azajyk bölegidigini aýtdy.

Ol Aziýa-Ýewropa söwda ýoluna salgylanman, Hazar deňziniň gündogar we günbatar tarapyndan Eýrana we ol ýeden hem Pars aýlagyna çenli bolan mümkin demirýol baglanyşygyny taryplasa, Aliýew bilen Berdimuhammedow öz ýurtlaryndan Eýrana geçýän demirýollary agzadylar.

Aliýew beýanatynyň ahyrky böleginde Daglyk garabag regiony sebäpli Ermenistan bilen dowam edýän konflikte ünsi çekip, çözülmän ýatan meseläniň Kawkazda söwda potensiýalynyň doly ösmegine päsgelçilik döredýändigini aýtdy.

Orsýetiň prezident Wladimir Putin eden beýanatynda ylalaşygyň terrorizme garşy söweşi öz içine bölüminiň, Hazaryň Owganystana we Orta Gündogara ýakyndygy sebäpli, aýratyn möhümdigini belledi.

Sammitiň soňunda bäş prezident dokumentlere gol çekseler-de, duşuşygy açyk üstünlik diýip atlandyrmak aňsat däl. Çözülmän ýatan meseleler, aýratyn-da, Eýranyň garaýyşyça, ýene-de bar.

Bu hakykaty geljekde ýene bir sammitiň gerekdiginiň azalmagy-da görkezýär. Hazaryň durumy baradaky konwensiý gol çekildi welin, ýöne esasy meseleler hakda ýene-de gepleşikler gerek.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

XS
SM
MD
LG