Türkmenistanyň welaýatlarynda bankomatlarda puluň köplenç ýetmezçilik etmegi ýerli ýaşaýjylary öz bank kartlaryndaky puluny paýtagtdaky bankomatlardan çekmek üçin ýol gözlemäge iterýär.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky söhbetdeşleriniň we habarçylarynyň sözlerine görä, soňky döwürde bu ýagdaý has köp göze ilýär.
Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, şu günki gün welaýat ýaşaýjylarynyň ulanýan ýörgünli usullaryň biri olaryň öz bank kartlaryny paýtagtdaky tanyşlaryna ibermekden, soň olaryň Aşgabadyň bankomatlarynda nagtlaşdyryan puluny yzyna almakdan ybarat. Munuň ýörite usuly we kesgitli çykdajysy hem bar.
"Paýtagta gaýdýan taksi sürüjileri 20 manada bank kartlary alyp gaýdýar. Welaýat ulaglary Aşgabada goýberilmeýär, şonuň üçin welaýatlardan ugradylan kartlary Çoganlydaky awtoduralgadan baryp alyp gaýtmaly, soňra puly nagtlaşdyryp, ýene-de şol ýere baryp, yzyna welaýata ugratmaly. Munuň bahasy hem 20 manada durýar" diýip, Amanmyrat Bugaýew belledi.
Türkmenistanda aýlyklaryň, pensiýalaryň, stipendiýalaryň we sosial tölegleriň plastik kartlaryna köpçülikleýin geçirilmegine birnäçe ýyl boldy. Muňa garamazdan, nagt bolmadyk tölegler paýtagtdan başga ýerde ýöremeýär, bank kartyna geçirilýän puly nagtlaşdyrmak üçin bankomatlar diňe welaýatlaryň administratiw merkezlerinde we etrap merkezlerinde ýerleşýär, ýygy-ýygydan sandan çykýar we olarda ýerleşdirilýän puluň mukdary bar bolan talaba gabat gelmeýär.
Üstesine, her bir kartdan çekmäge rugsat berlen puluň mukdary bank tarapyndan çäklendirilýär. Aşgabatda we administratiw merkezlerinde bankomatlardan günde çekip bolýan nagt puluň mukdary 800 manatdan, Balkan, Mary, Lebap welaýatlarynda 300 manatdan we Daşoguzda 100-150 manatdan geçmeýär.
Şol bir wagtda-da, Aşgabatda ilatyň bankomatlardan pul çekmek mümkinçilikleri, ýurduň beýleki regionlaryndan ganymat hasaplanýan hem bolsa, çäkliligine galýar. Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda bankomatlaryň öňünde uly nobatlaryň döreýändigini we puluň birnäçe sagatda gutaryp galýandygyny aşgabatlylar aýdýarlar.
7-nji awgustda Türkmenistan bankynyň 10 ýyl abadançylyk köçesinde ýerleşýän bölümine baran Azatlygyň habarçysy bankyň işläp başlan ilkinji sagatlarynda bankomatlarda puluň gutaryp galandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, şol günüň özünde Halk bankynyň Görogly köçesinde ýerleşýän öňki jaýyndaky bankomatlarda sagat 11 töwereginde pul gutarypdyr.
Azatlygyň ýene bir habarçysy Türkmenistan bankynyň 10 ýyl abadançylyk köçesindäki bölüminde duran bankomatlarda 6-njy awgustda hem puluň bomandygyny habar berdi.
"Meniň tanyşym öýlän sagat dörtde Türkmenistan bankynyň Köpetdag etrabyndaky bölümine pensiýasyny almak üçin baryp gaýtdy. Bankomatda pul ýokdy. Şu yssyda zordan banka baran ýene ençeme garry puluny alyp bilmän gaýtdy. Başga ýerlerde-de ýagdaý şeýleräk" diýip, habarçymyz aýdýar. Agzalan bank bölüminde dört sany bankomat dur. Bank resmileriniň Azatlygyň habarçylaryna aýtmagyna görä, bu bank şahamçasynda 5000 çemesi adama hyzmat edilýär.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary Türkmenistanyň paýtagtynda jemi 300 çemesi bankomatyň bardygyny aýdýarlar.
Aşgabatda bankomatlaryň sany, işleýşiniň tertibi, bank müşderileriniň puluny nagtlaşdyrmagy üçin göz öňünde tutulan resmi düzgünler we mümkinçilikler barada resmi düşüdiriş almak üçin Azatlyk Radiosynyň eden tagallary häzirlikçe başa barmady.