Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep mugallymlaryna ýene prezidentiň kitaplaryny sapakda nähili ulanmalydygyny öwredýärler


Prezident G.Berdimuhamedow egindeşlerine täze kitabyny sowgat berýär. Arhiw suraty.
Prezident G.Berdimuhamedow egindeşlerine täze kitabyny sowgat berýär. Arhiw suraty.

Türkmenistanda şu gün mugallymlaryň awgust maslahaty başlandy we bu gezek onuň Gurbanlyga gabat gelýändigi üçin awgustyň aýagyndan başyna süýşürilendigi we howanyň aşa gyzgyn günlerine gabat gelip, has kän kynçylyk döredendigi habar berilýär.

Aýdylmagyna görä, etrap merkezlerinde geçirilýän maslahata oba-şäher mekdepleriniň her birinden mugallymlaryň 25 prosentiniň gatnaşmagy talap edilýär, soňra etrap maslahatyna gatnaşan mugallymlaryň 25 prosenti welaýat maslahatyna gatnaşmaly.

Читайте также на русском

Mugallymlaryň içindäki çeşmäniň maglumatyna görä,bu gezek etraplardaky maslahatlar iki gün däl-de, üç gün dowam edýär we welaýatlarda geçirilýän maslahatlary hem üstüne goşsaň, 5 güne uzaýar. Umuman alnanda bolsa, bu ýylky awgust maslahaty mugallymlaryň uly böleginiň azyndan bir hepde wagtyny alar diýip, çeşme aýtdy.

“Mugallymlaryň ylmy-amaly maslahaty” diýlip atlandyrylýan ýyllyk ýygnanyşyga her ýyl gatnaşýan iki mugallymyň biri-birinden habarsyz, aýratynlykda gürrüň bermeklerine görä, olara her ýyl häzirki ýöredilýän döwlet syýasaty, türkmen biliminiň ýeten derejeleri, her ýyl okuwa girýän ýaşlaryň sany barada resmi mediada yzygiderli gaýtalanýan zatlar gürrüň berilýär. Şeýle-de olara öňünden bu temalardan özleriniň hem çykyş etmäge taýýarlanmalydygy aýdylýar.

Taryh, dil we edebiýat mugallymlary bolsa, adatça her ýyl döwlet baştutanynyň adyndan çap edilen kitaplary ara alyp maslahatlaşýarlar we olary haýsy sapaklarda nähili ulanmalydygy hakynda tejribe alyşýarlar. “Bu ýyl şol kitaplaryň beýleki sapaklarda hem has giňden ulanylmagynyň maslahat berilmegine garaşylýar, sebäbi prezidentiň adyndan çap edilýän kitaplaryň temalary juda giň” diýip, Bilim ministrligindäki çeşme aýtdy.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bilen anonim şertde gürleşen mugallymlaryň aýtmaklaryna görä, bu maslahat uzak aralykdan etrap ýerlerine gelmeli adamlar üçin her ýyluly kynçylyk döredýär.

Mysal üçin, Türkmenbaşy etrabyna degişli bolan Guýmat, Gökdere obalaryndan etrap merkezine gelmek üçinazyndan 350-400 km ýol geçmeli. Ýa-da bolmasa, Bereket etrabynyň uzak obalarynda işleýän mugallymlar hem, maslahata gelmek üçinazyndan 300 km ýol geçmeli. Elbetde, bu diňe Balkan welaýatynyň mugallymlaryna degişli kynçylyk däl.

Galyberse, mugallymlar bu maslahata öz tapan awtoulaglarynda, öz hasaplaryna gelmeli we myhman ýer tapyp aý-daöz hasaplaryna ýaşamaly, olara gelen ýerlerinde ýaşaýyş jaýy-da, iş sapary üçin kanunda göz öňünde tutulan harajatlar hem berilmeýär diýip, çeşme aýdýar.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen mugallymlar bu maslahatyň özlerine zyýandan başga peýdasynyň ýokdugyny öňe sürýärler.

“Birinjiden, maslahatda mugallymlara tele-radioda, gazetlerde lenji çykarylýan zatlardan başga hiç bir täze zat aýdylanok we bu diňe wagt ýitirmek bolup durýar. Ikinjiden, döwlet maslahata çagyrylýan adamlaryň çykdajy-harajatlaryny çekmeýär, bu mugallymlar üçin goşmaça çykdajy bolýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran mugallym aýtdy.

Onuň pikiriçe, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar mugallymlary hem sylap goýmaýar we bu hili boş maslahatlar ozalam işe yhlasy azalan mugallymlary has lapykeç edýär.

“Eger maslahat geçirmän oňmaýan bolsalar, mekdep ýolbaşçylaryny çagyrsynlar, olaram gelip biz bilen gürrüň etsin, galan işi bolsa okuw programmasy boýunça dowam edeli, ýa üýtgeşiklik bar bolsa, ýazmaça ibersinler, ýöne bizi bu horlukdan dyndyrsynlar, bu köp mugallymyň içindäki arzuwy” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen balkanly mugallym aýtdy.

XS
SM
MD
LG