Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Adam hukuklary komiteti Türkmenistanyň Ogulsapar Myradowanyň heläk bolmagyna jogapkärdigi barada höküm çykardy


Žurnalist Ogulsapar Myradowa
Žurnalist Ogulsapar Myradowa

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky komiteti Türkmenistanyň žurnalist Ogulsapar Myradowanyň öldürilmegine we gynalmagyna jogapkärdigi barada höküm çykardy diýip, “Open Society Foundations”, ýagny “Açyk jemgyýet guramalary” (AJG) habar berýär.

Читайте также на русском

“BMG-niň Adam hukuklary baradaky komiteti Ogulsapar Myradowanyň adalatsyz sud edilmeginden soň, türmede gynalmagyna we heläk bolmagyna bu ýurtdaky hökümetiň jogapkärdigi barada höküm çykardy. Žurnalist we adam hukuklary boýunça aktiwist 2006-njy ýylyň sentýabrynda türmede aradan çykypdy” diýlip, 2-nji awgustda agzalýan guramanyň websýatynda habar berildi.

1948-nji ýylda doglan Myradowa “Türkmenistan Helsinki guramasyny” döredenleriň we onuň agzalarynyň biri bolup, şeýle-de ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýärdi. Ol adam hukuklary boýunça alyp baran işi sebäpli 2006-njy ýylyň iýun aýynda tussag edildi. Şonda onuň dogany Sapardurdy Hajyýew we beýleki aktiwist Annagurban Amanglyjow dagy hem tussag edilipdi.

Halkara guramalaryň habar bermegine görä, olar başda içalyçylykda güman edilip, soň ýarag saklamak ýaly aýyplamalar bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda sud edildi. Iki sagat dowam eden toslama sud diňlenişiginden soňra 58 ýaşyndaky Myradowa alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Şondan bir aý çemesi soň, Myradowanyň maşgalasy özleriniň goňşusyndan onuň aradan çykandygyny bilip galýar.

Myradowanyň tenindäki alamatlar, şol sanda onuň maňlaýyndaky uly kesik, bogulandygyny yşarat edýän boýnundaky gara tegmil, bir elindäki üç ýara, çiş we ganöýmeler, onuň zorluk bilen öldürilendigini görkezýär.

Ýöne türkmen häkimiýetleri Myradowanyň ölüminiň sebäplerini derňemedi we onuň tebigy sebäplerden aradan çykandygyny öňe sürdi. Ýaňy ýakynda türkmen hökümeti – derňewler barada hiç hili maglumat bermezden – Myradowanyň ölüminiň derňelendigini aýtdy we onuň öz janyna kast edendigini öňe sürdi diýlip, guramanyň maglumatynda bellenilýär.

BMG-niň Adam hukuklary baradaky komiteti özüniň 2018-nji ýylyň 6-njy aprelinde çykaran kararynda, Hajyýewiň we Myradowanyň işi babatynda Türkmenistanyň özüni alyp barşyny ýiti ýazgardy diýlip, AJG-niň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda habar berýär.

Şonda komitet Türkmenistanyň hökümetiniň Myradowany žurnalistika we adam hukuklary babatynda alyp baran işi üçin eden-etdilikli tussag edendigini, žurnalistiň türmede heläk bolmagy we onuň gynalandygy baradaky gürrüňler dogrusynda netijeli derňewleri geçirmändigini aýtdy.

Şeýle-de, Adam hukuklary baradaky komitet türkmen hökümetiniň Myradowanyň heläk bolmagy barada hiç bir maglumat berip bilmezliginiň onuň dogany Annadurdy Hajyýewiň gam-gussa we pshihologik stres çekmegine sebäp bolandygyny hem belledi.

Şonda komitet öz çykaran netijesinde türkmen hökümetini Myradowanyň maşgalasynyň çeken zyýanlaryny doly tölemäge, şol sanda eger zerur bolsa, garaşsyz komissiýa tarapyndan žurnaliste näme bolandygy barada adalatly we operatiw derňewi geçirmäge çagyrdy. Şeýle-de, onda türkmen hökümetine Myradowanyň abraýyny dikeltmek üçin ädimleri ätmäge çagyryş edildi.

BMG-niň Adam hukuklary baradaky komitetiniň çykaran kararyna laýyklykda, Türkmenistan Myradowanyň maşgalasyna öz derňewleri barada doly hasabat, şol sanda sud boýunça geçirilen saglyk barlaglaryny, sud protokollarynyň kopiýalaryny, nusgalaryny we suduň çykaran kararyny bermeli.

Žurnalist Myradowanyň işi baradaky şikaýat arzasyny “Open Society Justice Initiative”, ýagny “Açyk jemgyýet adalat inisiatiwasy” guramasy Annadurdy Hajyýewiň adyndan BMG-niň Adam hukuklary komitetine tabşyrdy. Hajyýew “meniň aradan çykan doganym üçin gussaly ýeňiş” diýip, komitetiň çykaran kararyny gowy garşy aldy.

XS
SM
MD
LG