Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Egindeşleri Ömruzagyň başlan jemgyýetçilik işiniň togtamajakdygyny aýdýarlar


Ömruzak Umarkulyýew egindeşleriniň arasynda. Arhiw suraty
Ömruzak Umarkulyýew egindeşleriniň arasynda. Arhiw suraty

Türkiýede okaýan Ömruzak Umarkulyýew Türkmenistanda tussag astynda saklanýar diýip, onuň ýakynlary Azatlyk Radiosyna habar berdiler. 9-njy we 11-nji iýunda gowşan maglumatlara görä, Ömruzak "Owadandepe" türmesinde saklanýar.

Türkiýedäki türkmen studentleriniň raýdaşlyk jemgyýeti 2-nji ýanwarda Osmaniýe şäherinde Gorkut Ata uniwersitetinde okaýan Ömruzak Umarkulyýewiň ýolbaşçylygynda döredildi.

Ömruzagyň ýolbaşçylygynda döredilen gurama baradaky habar gazetde çap edildi.
Ömruzagyň ýolbaşçylygynda döredilen gurama baradaky habar gazetde çap edildi.

​Ömruzak bu jemgyýetiň göz öňünde tutýan maksatlary barada 21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginde eden çykyşynda maglumat beripdi.

Türkiýäniň göç edarasynyň hasabatyna görä, 2016-2017-nji okuw ýylynda Türkmenistan 10642 studenti bilen Türkiýede ýokary bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň köplügi taýdan Azerbaýjan bilen Siriýadan soň 3-nji orunda durýar.

Eýsem, Ömruzagyň tussag edilmegine Türkiýedäki türkmen talyplary we türk jemgyýetçilik guramalary nähili reaksiýa görkezýärler? Olaryň mundan beýläk nähili planlary bar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Türkiýedäki türkmen talyplarynyň raýdaşlyk jemgyýetiniň başlygy Ömruzak Umarkulyýewiň tussaglykda saklanmagyna egindeşleriniň, studentleriň we türk jemgyýetçilik guramalarynyň görkezýän reaksiýasyna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky öz pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Egindeşleri Ömruzagyň başlan jemgyýetçilik işiniň togtamajakdygyny aýdýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:49 0:00

XS
SM
MD
LG