Pakistan Orsýet bilen umumy bahasy 10 milliard dollara barabar gaz geçiriji taslama gol çekýär diýip, Pakistanyň The Express Tribune neşiri 3-nji iýunda habar berdi.
Habarda aýdylmagyna görä, agzalýan ylalaşyk esasynda Orsýetiň Gazprom kompaniýasy Eýrandan Pakistanyň Gwadar portuna çenli çekilmeli gaz geçirijiniň gurluşygyna maýa goýýar. Ol ýerden agzalýan gaz geçiriji arkaly Pakistana we Hindistana gaz satylar.
Ýöne beýleki bir tarapdan, Pakistan bahasy 8-10 milliard dollara barabar boljakdygy habar berilýän TOPH gaz geçirijisiniň hem durmuşa geçirilmegine garaşýar. Pakistanyň döwlet eýeçiligindäki “Inter State Gas Systems” kompaniýasy ýurduň TOPH-a dahylly işlerini ýerine ýetirýär.
Energiýa meseleleri boýunça ekspert Brýus Panniýeriň pikirine görä, Pakistan üçin TOPH-a garanyňda Orsýetiň teklibi has özüne çekiji. Sebäbi Owganystanyň üstünden çekilmeli taslamanyň töweregindäki howpsuzlyk aladalary dowam edýär. Galyberse-de, ekspertiň sözlerine görä Türkmenistan TOPH taslamasyny durmuş geçirmek üçin zerur bolan maliýe serişdelerini henizem doly üpjün etmedi. Ýöne Orsýetiň teklibinde Gazprom täze gaz geçirijiniň gurluşygy bilen bagly maliýe jogapkärçiliklerini doly öz üstüne alýar.
“Bu proýekt TOPH-yň özüne çekijiligini azaldar. Elbetde, türkmen häkimiýetleri TOPH-dan el çekmezler” diýip, Panniýer Orsýetiň Pakistan edýän gaz teklibi bilen bagly garaýyşlaryny beýan etdi.
Ekspertiň sözlerine görä gürrüňi edilýän täze taslama arkaly aslynda Eýranyň gazy Pakistana satylar, ýöne Orsýet onuň özleşdirilmegine we ýerlenmegine maýa goýar.
“Bu taslama arkaly aslynda [Pakistana] Orsýetiň gazy satylmaýar. Orsýetiň Eýran bilen onuň gaz känlerini özleşdirmek boýunça şertnamalary bar. Şol gazdan [Eýranyň gazyndan] gelýän girdejilerde Orsýetiň paýy bar” diýip, Panniýer belledi.
“Tehniki taýdan alanyňda bu geçirijiden Eýranyň gazy akar. Ýöne onuň eýeçiliginde Orsýetiň paýy bar, sebäbi Orsýet bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde maýa goýdy” diýip, ekspert sözüniň üstüni ýetirdi.
Agzalýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Pakistanda TOPH-a bolan höwesiň gowşajakdygyny nygtan bilermen, TOPH-yň tamamlanmaly wagty barada her kimiň bir zat diýýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Türkmen gazy bilen bagly soňky maglumatlara göz aýlasak, Eýran apreliň aýagynda swap ylalaşygy esasynda öz üstünden türkmen gazyny Pakistana akdyrmaga isleg bildirýändigini aýtdy. “Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň gazyny Pakistana swap esasynda akdyrmaga taýýardygyny yglan edýär” diýip, Eýranyň Nebit-gaz ministriniň orunbasary Hamid Reza Arakiniň sözleri 29-njy aprelde IRNA habar agentliginde sitirlendi.
Türkmenistanyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan halkara synçylaryň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär. Şeýle kynçylyklaryň fonunda, türkmen hökümeti öz mawy ýangyjyny dürli ugurlara eksport etmäge synanyşýar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugatynyň habarlarynda, TOPH proýektiniň ýurduň halkara energiýa söwda ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň çäginde durmuşa geçirilýändigi aýdylýar.
Ýöne halkara ekspertler TOPH-yň iş ýüzünde durmuşa geçiriljegine şübheli çemeleşýärler.
TOPH arkaly 33 milliard metr kub türkmen gazy akdyrylar. Ýöne gaz geçirijiniň 744 kilometri Owganystanyň çäginden geçer.