26-28-nji maý aralygynda Türkmenistanyň dürli künjeginde duýulan seýrek howa hadysasy ýurtda adamlaryň gündelik durmuşyna, olaryň jan saglygyna, şeýle-de oba hojalyga we käbir infrastrukturalara oňaýsyz täsir etdi.
Türkmenistanda bolup geçýän wakalary ýakyndan yzarlaýan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew ýurduň günbatar we demirgazyk regionlarynda harasatyň elektrik liniýalaryna we aragatnaşyk ulgamlaryna oňaýsyz täsir edendigini aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, duzly tupanyň netijesinde soňky hepdäniň dowamynda dem alyş ýollaryndaky näsaglyk, gaýmorow boşlugynyň nemli bardasynyň çişmegi, gan basyşynyň artmagy ýaly saglyk şikaýatlary bilen lukmana görünýän adamlaryň sanynyň ençeme esse köpelendigini habar berdi.
“Duzly tupan juda köp ýerlere özüniň zyýanyny ýetirdi. Ol diňe bir ekinleri, öri meýdanlary zaýalaman eýsem, gelen güýçli ýel sebäpli bir topar obalarda elektrik energiýasyny bermeklik belli-belli wagtlara çenli kesildi” diýip, paýtagtly synçy Bugaýew aýtdy.
Ol elektrik üpjünçiliginde dörän bökdençlikleriň sebäpleriniň güýçli ýeliň turmagy bilen köp sanly obalarda oturdylan 40-45 ýyllyk transformatorlarda dörän näsazlyklardygyny çaklady we elektrik togy bilen bagly kynçylyklaryň ýüze çykan obalaryň atlaryny aýtdy:
“Ylaýta-da Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Hudaýberdi, Akguýy, Käriz ýaly obalarynda bolup geçipdir şeýle ýagdaý, şeýle-de Bereket etrabynyň Ýassa, Düwünçi, Burgun obalarynda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň iň demirgazykdaky obalary bolan Melegoşda, Dawalyda, Badada hem-de Baleýşem obalarynda-da elektrik togy belli bir wagtda çenli öçüpdir. Onuň öçmegine transformatorlara çekilen simleriň gyrylmagy sebäp bolupdyr. Edil şeýle ýagdaýyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç we Akdepe etraplarynda gaýtalanandygyny maňa ol ýerlerde ýaşaýan tanyşlarym-da gürrüň berdiler. [Olar] ‘edil şol ýagdaýyň ekiztaýy bizde-de gaýtalandy’ diýdiler” diýip, aşgabatly synçy Bugaýew aýtdy.
Ol agzalýan obalarda we olara ýakyn beýleki käbir ilatly nokatlarda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamyna-da täsir ýetendigini, onuň kadaly işlemändigini habar berip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlygyň ýurduň demirgazygyndaky söhbetdeşi adamlaryň saglyk şikaýatlarynyň ençeme esse artýandygyny bellemek bilen bir hatarda, duzly tupanyň hususan-da oba hojalyga zyýan ýetirendigini; maşgalalarda idelýän ýüpek gurçuklarynyň duzly tut agaçlarynyň ýapraklaryndan iýip, olaryň tas 50 göterime golaýynyň gyrlandygyny, kartoşka pomidor ýaly bakja önümleriniň ýapraklaryny döküp, gurap başlandygyny, gowaçanyň hem ýagdaýynyň öwerlik däldigini ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berdi.
“Iň erbedi, häzirki wagtda duz ýeriň ýüzüni gaýmak ýaly kesmekläp gurşap aldy. Gün gyzdygyça ereýän duzuň erbet azodyň ysyna meňzeş ýakymsyz ysy bar. Gara mallaryň we goýunlaryň näsaglarynyň köpüsi haram ölüp başlady” diýip, Azatlygyň welaýatdaky habarçysy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.
Bu aralykda, Beýik Britaniýanyň hökümeti ýurduň milli portalynda Türkmenistana sapar etjek öz raýatlary üçin maslahat häsiýetli maglumat çap edip, onda Türkmenistanda ýaramazlaşýan howa şertleri agzalyp geçildi.
“Aral deňziniň üstünde turan gaýyň howanyň düzümine duz, tozan we hapa maddalary getirmegi bilen Türkmenistanda howanyň hili ýaramazlaşdy... Howanyň hiliniň haçan düzeljegi nämälim. Iň soňky maglumatlardan habarly bolmak üçin ýerli habarlary hem-de howa maglumatyny yzarlamak maslahat berilýär” diýip, Birleşen Karollyk öz milli portalynda Türkmenistana sapar edýän ýa-da etmekçi bolýan britan raýatlaryna niýetläp maglumat ýaýratdy.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 29-njy maýda metbugat serişdelerinde ýaýradan beýanatynda tozanly howada özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada ilata maglumat berdi.
Ýatlasak, maýyň 27-ne geçilen gije Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň tas ähli etraplaryny duzly tozan gurşady. Bu harasatyň agzalýan alamatlary Lebap welaýatynyň Darganata we Dänew etraplarynda-da duýuldy. Şol bir wagtyň özünde, Balkan welaýatynyň çägindäki käbir obalarda harasatyň netijesinde transformatorlar elektrik liniýalary hatardan çykdy.
Azatlygyň paýtagtly gürrüňdeşleri maýyň 28-ne geçilen gije türkmen paýtagtyny hem çal tozanyň gaplap alandygyny, şeýle howa şertleriniň birnäçe günläp dowam edendigini aýtdylar.
Türkmen mediasy turan harasatyň göwrümi, onuň ýetiren täsiri barada maglumat bermeýär. Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti agzalýan howa hadysasy barada dymdy.