Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan we Pakistan terrorizme garşy bilelikdäki göreşini güýçlendirdiler


Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi
Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi

Owganystanyň we Pakistanyň baş harby we aňtaw resmileri terrorizme garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek barada ylalaşdylar diýip Pakistanyň resmileri aýtdylar.

28-nji maýda çap bolan beýanata görä, iki ýurduň resmileri bu ylalaşyga bir gün öň Rawalpindi şäherinde geçirilen duşuşykda gelipdirler.

“Iki tarap işçi toparlary düzmegi tizleşdirmek hakynda ylalaşdylar, esasanam ikitaraplaýyn howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we terrorçylaryň elindäki zorlugy azaltmaga taraplara ýardam berip biljek çäreleri görmek ugurlarynda” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Owganystanyň resmi toparyna baştutanlyk eden prezidentiniň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Hanif Atmar Owganystanyň we Pakistanyň özara kömegi bilen “bir-biriniň aladalaryny gowşatmagy we parahatçylygy hem durnuklylygy getirmek boýunça tagalla etmegi” gazanyp biljegini belledi.

Bu gepleşikler Owganystanyň we ABŞ-nyň Pakistandan terrorçylara garşy has köp çäreleri talap edip, basyşlaryny güýçlendirilen wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG