Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrantlaryň çagalaryna pasport berilmeýändigi aýdylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän täsiri halkyň durmuşynda barha ýiti duýulýan ykdysady krizisiň fonunda, raýatlar mundan çykalgany köpçülikleýin ýagdaýda daşary ýurtlara eklenç gözlegine ýykgyn etmekde tapýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň berýän habarlaryndan çen tutulanda, türkmen häkimiýetleri raýatlaryň köpçülikleýin ýagdaýda migrantlyga ýykgyn etmeginiň öňüni almak üçin durmuşa geçirýän tilsimleriniň gerimini giňeltmäge döwam edýär.

Birnäçe günlikde Mary we Lebap welaýatlaryndan köpçülikleýin ýagdaýda Türkiýä eklenç gözlegine gelenden soň Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda habarlaşan türkmen migrantlarynyň aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetlere "migrantlary yzyna dolaň“ diýlen "ýokardan berlen buýruk esasynda“ indi olar ene-atasy ýa-da olardan biri daşary ýurtda bolan çagalara daşary ýurt pasportuny bermän başlapdyrlar. Daşary ýurt pasportuny almak isleýän migrant çagalarynyň daşary ýurtlarda işleýän ene-atalarynyň hökman yzyna dolanmagy we resmiler bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp, dilhatyny bermegi talap edilýär.

"Kämillik ýaşyna ýeten çagam daşary ýurt pasportuny almak üçin ýüz tutanda oňa "daşary ýurtda işläp ýören ejeň ýörite gelip bize seniň dogrudan hem öz çagasydygy barasynda dilhatyny bermeli. Bolmasa saňa pasport berlenok“ diýipdirler. Soň men türkde işleýänler we olaryň aňyrdaky hossarlary bilen habarlaşanymda, şeýle ýagdaýyň beýleki maşgalalaryň hem başyna gelýändigini öwrendim. Men çagamyň ykbalyny gaýgy edip, gitsem aňyrda ýene işsiz we eklenç kynçylygyna duçar boljagymy bilibem Türkmenistana dolanmaga mejbur boldum. Sebäbi ol ýerde çagam hossarsyz, ýeke we güýçli basyş astynda“ - diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran saýatly bir migrant zenan Azatlyk Radiosyna duş gelen ýagdaýyny gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda habarlaşan ýene bir türkmenistanly migrant zenanyň aýtmagyna görä, migrantlaryň Türkmenistandaky hossarlary arçynlyga çagyrylyp, tutuş maşgala agzalarynyň özüniň şol salgyda hasapda durýandygyny arçynlykda tassyklatmagy talap edilýär. Eger maşgala agzalaryndan biri özüni tassyklatmasa, onda ol maşgalanyň agzalaryna daşary ýurt pasporty beýle-de dursun ýönekeý raýatlyk pasporty hem berilmeýär.

“Arçynlyga özüniň ilat sanawynda durýandygyny tassyklatmaýanlaryň hemmesi diýen ýaly migrantlar bolup durýar. Ýerli häkimiýetler owal bizden daşary ýurtlarda işleýän migrant maşgala agzalarymyzy her edip, hesip edip yzyna dolanmaga mejbur etmegimizi isleýärdi. Ýöne olaryň bu ugurda oýlap tapan tilsimleriniň hiç biri şu çaka çenli oňaýly netije bermedi. Şonuň üçinem indi maşgala agzalaryna pasport bermän migrantlary yzyna dolanmaga mejbur etjek bolýarlar. Ýöne, ýurtda eklenç ýagdaýy juda ýaramazlaşandygy sebäpli raýatlar ynha biziň ýaly köpçülikleýin ýagdaýda zähmet migrantlygyna ýykgyn edýärler“ diýip, Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda habarlaşan Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir obalarynyň ýaşaýjylary gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan Türkiýedäki käbir türkmen zähmet migrantlary hem Türkmenistanda özleri bilen baglanşykly ýokarda agzalýan çäreleriň görülýändigini hossarlaryndan alan maglumatlaryna salgylanyp tassyklaýandygyny bildirýärler.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanda ýerli häkimiýetleriň mundan owal golaýda käbir hojalyklara migrant gyzlaryny yzyna getirtmek üçin dürli basyşlar edýändigini, Stambula şeýle maksat bilen gyzyny we uýasyny alyp gelmegi üçin resmiler tarapyndan ýörite iberilen zenan bilen käbir migrantlaryň hossarlary anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna maglumat beripdi.

XS
SM
MD
LG