Astrahan regionynyň Powolžýe raýonynyň Funtowo obasynda 18-nji maýda açylan türkmen mekdebiniň Türkmenistanyň prezidentiniň inisiatiwasy bilen gurlandygyny we Astrahan regionynyň 300 ýyllygyna sowgat bolandygyny orsýet mediasy habar berdi.
Magtymgulynyň ady dakylan mekdebiň türkmen dilini öwrenmäge we türkmen medeniýetini gorap saklamaga mümkinçilik döredýändigi aýdyldy.
Aşgabat.net neşriniň maglumatyna görä, türkmen mekdebiniň açylan ýeri Funtowo obasynda türkmenleriň regiondaky iň uly diasporasy ýaşaýar, diňe Powolžýe regionynda ýaşaýan türkmenleriň sany 2010-njy ýylda 1802 adamdan ybarat bolup, ýerli ilatyň 4,1%-ni emele getiripdir.
Şeýle-de, Funtowo obasynda türkmen mekdebiniň açylan güni ýol hereketiniň çäklendirilendigi habar berildi. Türkmenistandan gelen möhüm myhmanlaryň sapary sebäpli Funtowo köçesinde awtomobil gatnawy çäklendirildi diýip, Orsýetiň MK neşri 18-nji maýda habar berdi.