Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusdaky türkmenistanly talyplar bank kartlary bilen bagly ‘kösençlikleri başdan geçirýär’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Men eýýäm birnäçe günden bäri anokom iýip ýörün. Biz wiza kartlarymyzdan hiç hili pul alyp bilemizok, bize gaty kyn” diýip, Belarusda okaýan türkmenistanly bir talyp özi ýaly onlarça talybyň adyndan Azatlyk bilen habarlaşdy.

Mälim bolşy ýaly, eýýäm uzak wagtdan bäri daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň Türkmenistanyň döwlet banklaryndan berlen wiza kartlaryndan arkaýyn peýdalanyp bilmeýändikleri, olaryň kartlaryndaky serişdelerini ne nagtlaşdyryp bilýändigi, ne-de onlaýn söwdada ulanyp bilýändigi barada maglumatlar häli şindi habar platformalarynda, galyberse-de, sosial mediada peýda bolup gelýär.

Birmeňzeş ýagdaýlary başdan geçirýän türkmenistanly bir talyp özi ýaly onlarça talybyň adyndan özleriniň duçar bolýan kynçylyklaryny häkimiýetlere eşitdirmek arzuw-hyýaly bilen Azatlyga ýüz tutdy.

“Wiza kartlarymyz hiçem işlänok. Şu gün anakom almaga pulum galmady. Bu taýda dostlarymyz-tanyşlarym bar, emma olardan hem her gün çörek soramagy bir hili görýän” diýip, talyp gürrüň berdi.

“Anakom” – gaba gaplanyp arzan satylýan çalt naharyň ady bolup, köplenç türkmen talyplarynyň arasynda ýaňsyly äheňde “maddy ýeter-ýetmezçiligi” düşündirýän aňlatma hökmünde ulanylýar.

“Käwagt iýmäge hiç zat ýok wagty oglanlaryň ýanyna baryp, “çöregiň barmy, dos” diýýäs, “ýöne magazine gitmäge ýaltanýan” diýäýýän, emma magazine gitmäge ýaltanamyzok, kartlarymyzdan pul çykarmak problema” diýip, talyp gürrüň berdi.

Ol öz sözlerinde mümkinçilik bolan ýagdaýynda işlemäge-de razydyklaryny, ýöne okaýan şäherlerinde iş tapdyrmaýandygyny aýdyp, “Türkmenistanda bir zatlar edip günüňi görse bolýar; mal-gara, gök önümler, umuman, hor bolmazdyk, emma biz daşary ýurtlarda okap ýörüs” diýdi.

“Bize bu taýda gaty kyn, iş ýok, pul ýok. Şol pul problemasy bilen dürs okuw hem okap bilmeýäris. Haýyş sizden, bize, [ýagny] daşary ýurtdaky studentlere azajyk kömek ediň! Siziň azajyk kömegiňiz bilen biz okap, bilimli, Watanymyza, ýurdumyza gerekli adamlar hünärmenler bolup, nesip bolsa ýurdumyza dolanarys” diýip, Belarusda okaýan talyp öz sesini Türkmenistandaky häkimiýetlere eşitdirmek arzuw-hyýaly bilen Azatlykdaky sözlerini jemledi.

Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly talyplar maddy kynçylyklary başdan geçirýärler. Olar özleriniň türkmen banklaryndan alan bank kartlaryndan peýdalanyp bilmeýändiklerini aýdyp şikaýat edýärler.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal, has takygy fewral aýynda Ukrainada okaýan onlarça türkmen talyby özleriniň wiza kartlaryndan peýdalanyp bilmeýändiklerini Azatlyga gürrüň beripdi.

“Bankomatlardan pul çekip bilemizok. Iýip-içmäge pulumyz galmady... Studentler okuwdan çetleşdirilýärler” diýip, olar türkmen banklaryndan berlen kartlar boýunça nägileliklerini aýdypdylar.

Aprel aýynyň başynda, Belarusyň Döwlet medisina uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary Türkmenistandan ýurduň banklary arkaly ugradylan okuw tölegleriniň Belarusdaky ýokary okuw jaýynyň bank hasabyna wagtynda geçmeýändigi üçin, özlerine okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny aýdyp maglumat beripdiler.

Apreliň ortalarynda Orsýetde okaýan onlarça türkmen talyby birmeňzeş kynçylyklary başdan geçirýändiklerini aýdyp, gizlinlik şertlerinde Azatlyk bilen habarlaşdy.

Şondan soň, apreliň aýagynda Tatarystanyň Kazan federal uniwersitetinde okaýan onlarça türkmenistanly talyp türkmen banklary bilen bagly döreýän bökdençlikler sebäpli özlerine okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň hökümeti agzalýan kynçylyklar barada dil ýarmaýar. Ýurduň döwlet eýeçiligindäki media we habar serişdelerinde-de daşary ýurtdaky türkmenistanly talyplaryň duçar bolýan hupbatlary barada kelam agyz gürrüň edilmeýär.

XS
SM
MD
LG