Aşgabatda güýçli ýagyş ýagdy
Şu gün Aşgabatda güýçli ýagyş ýagdy. Ýagyn suwlarynyň köçelere üýşmegi netijesinde awtoulag gatnawlarynda, adamlaryň jemgyýetçilik awtobuslaryna münüp-düşmeginde bökdençlikler emele geldi. Ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi “şäher infrastrukturasynyň gurluşygyndaky nogsanlyklar” zerarly, ýagyn suwlarynyň köçelere ýygnanýandygyny aýdýarlar. Aşgabadyň dürli köçelerinde düşürilen wideolaryň käbirinde kanalizasiýa ulgamyndan suwuň çogup çykýan pursatyny hem görse bolýar.
Epizodlar
-
Noýabr 19, 2024
Täjigistanda ençeme türkmen migranty saklandy
-
Noýabr 15, 2024
Türkmenistanda mallar köpçülikleýin gyrylýar
-
Noýabr 01, 2024
Aýkido: Sazlaşygyň üsti bilen päsgelçilikleri ýeňmek
-
Oktýabr 23, 2024
"Türkmenler öz watandaşlaryny aldawa düşürýärler"
-
Oktýabr 18, 2024
“Janymy halas etmek üçin, La-Manş bogazyndan geçdim”