Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Pul berseňiz, Türkmenistandan çykmak gadagançylygyny aýyrýarys.” Bu mümkinmi?


“Pul berseňiz, Türkmenistandan çykmak gadagançylygyny aýyrýarys.” Bu mümkinmi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:34 0:00

Sosial torlarda para esasynda Türkmenistandan daşary ýurda çykmak gadagançylygyny aýyrmak hyzmatyny hödürleýän adamlar peýda bolup başlady. Özüni “Maksat” diýip tanyşdyran şahs bu korrupsiýa ulgamynyň howa menzilindäki pasport barlagyndan başlap, howpsuz ýagdaýda ýurduň daşyna çykmaga çenli nähili işleýändigini düşündirýär.

Ankarada ýaşaýan türkmenistanly migrant Farida (ady üýtgedilen) ýurda dolananda, raýatlara daşary ýurda gitmek gadagançylygynyň girizilendigi üçin, bikanun migrantlaryň para bermäge mejbur bolýandygyny aýdýar.

Şeýle-de, türkmen migrantlary bilen içgin gatnaşyk saklaýan, Türkiýede ýaşaýan aktiwist Abdylla Orusow raýatlaryň daşary ýurtlara çykmak çäklendirilmesiniň kanuny taraplary barada öz pikirini aýdýar.

Türkmen hökümeti ençeme ýyllardan bäri raýatlaryň hereket azatlygyny berk çäklendirýär.

Türkmenistanda habar beriş serişdelerine girizilen degişli çäklendirilmeler bilen baglanyşykly korrupsiýa wakalary hakyndaky habarlara resmi taýdan düşündiriş berilmeýär.

Wideo: “MigrantMedia”

Forum

XS
SM
MD
LG