Yrakda, Bagdadyň geçen ýyl “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň üstünden ýeňiş gazanandygyny yglan edeninden bäri, ilkinji gezek parlament saýlawlary geçirilýär.
Pikir soralyşyklaryň netijelerine görä, premýer-ministr Haýder al-Abadi öňde barýar. Şaýy Abadiniň Ýeňiş Alliansy partiýasy, geçen ýylyň dekbarynda “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň üstünden ýeňiş gazanandygyny yglan edenden soň, köpçüligiň goldawyny gazanmagy başarypdy. “Yslam döwleti” topary 2014-nji ýylda ýurduň üçden bir bölegini öz gözegçiligine geçirmegi başarypdy.
Emma, Abadi ýurduň ykdysadyýetini özgerdip bilmezlikde tankytlanýar.
Abadiniň esasy garşydaşlary: ozalky premýer-ministr Nuri al-Maliki we Eýranyň goldaýan şaýy kommandiri Hadi al-Amiridir.