Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen žurnalistleriniň arasynda ýurtdaky 'özgertmeleri düşündirmek boýunça iş geçirildi'


Türkmen gazetleri
Türkmen gazetleri

Türkmen hökümetinde medeniýet we metbugat pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Bahargül Abdyýewa ýerli žurnalistleriň arasynda ýurtdaky “iri möçberli özgertmeleriň mazmunyny we maksadyny düşündirmek boýunça iş geçirilendigini” aýdýar.

Ol 4-nji maýdaky hökümet mejlisinde şu ýylyň dört aýynda geçirilen medeni çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň habar serişdeleriniň işinden yzygiderli nägilelik bildirýär we olarda ýurduň gazanan üstünlikleriniň ýeterlik beýan edilmeýändigini aýdyp, bu ugra gözegçilik edýän wise-premýerleri, beýleki ýolbaşçylary ýygy-ýygydan täzeleýär.

Wise-premýerlige täze bellenen B.Abdyýewa öz hasabatynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler görüldi” diýdi, emma ol çäreleri aýdyňlaşdyrmady we diňe soňky dört aýda surata düşürilendigi aýdylýan filmleri agzamak bilen çäklendi.

Berdimuhamedow hasabaty diňläp, metbugatda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda greçirilýän çärelere aýratyn üns bermelidigini, sportda gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmelidigini belledi. Şeýle-de ol döwlet mediasynda ekologiýa meselelerine bagyşlanan makalalaryň, gepleşikleriň yzygiderli berilmelidigini nygtady.

Mundanam başga, prezident şol gün Leýli Gurbanowany “Nesil” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellemek baradaky karara gol çekdi.

Hukuk goraýjy aktiwistler Berdimuhamedowy ýurduň “Metbugat hakyndaky kanunyny” yzygiderli bozmakda we redaksion syýasata üznüksiz gatyşyp, gazet-žurnallaryň we radio-telewideniýäniň jogapkär resmilerini bikanun täzeläp durmakda aýyplaýarlar.

Dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Türkmenistany metbugat azatlygy boýunça iň yzdaky üç ýurduň hatarynda goýýar.

XS
SM
MD
LG