Germaniýanyň Maks Plank ornitologiýa institutynyň direktory, professor Manfred Gar prezident G.Berdimuhamedowa sebitde guşlaryň goralyp saklanmagyna we köpelmegine döredilen şertler üçin sylag we sertifikat gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
2-nji maýda Türkmenbaşyda açylyp, ulanmaga berlen täze deňiz porty barada berlen habarda tassyklanylmagyna görä, bu“taslama tutuşlygyna “Ýaşyl port” halkara ölçeglerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy”.
Şeýle-de neşir täze portuň gurluşygynyň barşynda gazylyp çykarylan topragyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky deňiz aýlagynda meýdany 170 gektar bolan emeli adany döretmek üçin ulanylandygyny habar berýär.
“Bu ada gyzylinjikleriň, gazlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň we beýleki guşlaryň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan ýerine öwrüldi” diýip, TDH bu ýerdäkiekologiki çemeleşmäniň bilermen ekologlaryň halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolandygyny belleýär.
Emma ýerli synçylar, deňiz boýunda ýaşaýan ilat soňky ýyllarda bu sebitde gyşlaýan guşlaryň barha azalýandygyny habar berýärler.
Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Balkan sebitinde ýygy-ýygydan saparda bolýan aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe birnäçe sorag bilen ýüz tutdy.