Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana edýän iki günlük resmi sapary dowam edýär.
24-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana edýän resmi saparynyň ikinji gününde Ürgenje bardy.
Ürgenjiň halkara aeroportunda türkmen prezidentini özbek lideri Şawkat Mirziýoýew garşy aldy. Iki ýurduň prezidentleriniň öňünde türkmen milli lybaslaryny geýnen sungat igärleri çykyş etdiler.
Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugy türkmen prezidentini garşylamak üçin Horezmde “aeroporta we köçelere müňlerçe adamyň” çykarylandygyny aýtdy.
Читайте также на русском
Özbegistanyň resmi metbugatynda aýdylmagyna görä, prezidentler Ürgençde “Uly howly” we Hywadaky “Işan gala” ýaly taryhy ýerelere baryp görerler.
Horezm welaýatynyň drama teatrynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar bolar.
Ürgenç şäherine giriş-çykyşlar ýapyldy
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji aprel güni Horezm welaýatyna edyän sapary mynasybetli Ürgenç şäherine barýan ýollar ýapyldy diýip, Azatlygyň Özbek gullugy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.
“Bugün öz ulagyma Ürgenje gitdim. Şähere barýan ýollary ýapyp goýupdyrlar. Ürgenje girip bilmän yzyma dolandym” diýip, Guşköprüli ýaşaýjy Azatlygyň Özbek gullugyna gürrüň berdi.
Ürgenç şäherinde okaýan gyzym ýollar ýapyk bolansoň iki günden bäri öýe gelip bilenok, diýip hankaly bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
“Gyzym şähere gatnap okaýardy. Prezidenti gelip ýollar ýapylansoň gyz jorasynyň öýünde bolýar. Iki günden bäri öýe gelenok. Ýöne jaňlaşyp habarlaşýarys. Gyzym kolležde okaýar. Bugün gün uzyn prezidenti garşylamak üçin köçede duran ekenler. Indi öýe ertir geläýmese!” diýip, hankaly aýal gürrüň berdi.
Talyplar 12 sagatlap köçede bolar
Horezmli talyplaryň aýtmagynda görä, 24-nji aprel güni irden sagat dokuzdan agşam sagat 9-a çenli olar köçede garaşmaga mejbur edilýär.
“Her gün çykyp repetisiýa edýärdik. Bugün ir-ertirden, sagat 9-dan bäri köçede garaşýas. Gije sagat 9-a çenli garaşarsyňyz diýdiler. Prezidentlere garaşýarys” diýip, ürgençli gyz aýtdy.
Horezmden gelip gowşan maglumatlara görä, welaýatyň bilim edaralarynda okuwçylar we talyplar iki hepdeden bäri prezident Berdimuhamedowyň saparyna garaşýar.
24-nji aprelde prezidentler “Uly howly” we “Işan gala” ýaly taryhy ýerlere baryp görerler.
Goýbu obasynda dostluk öýi açyldy
Prezident Mirziýoýewiň başlangyçlary bilen Ürgenç etrabyna degişli Goýbu obasynda dostluk öýi bina edildi, diýip Azatlygyň Özbek gullugy habar berýär. Gürrüňi edilýän obanyň ilatynyň aglaba bölegi türkmenlerdir.
Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 24-nji aprelde dostluk öýüniň açylyş dabarasyna iki ýurduň prezidentleri gatnaşdy.
Dostluk öýüniň öňünde türkmeniň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň selleli heýkeli açyldy. Prezidentler ýadygärligiň öňünde gül desselerini goýdular.
24-nji aprelde Horezm welaýatynda howa ýagyşly boldy. Myhmanlary garşylamak çärelerine gatnaşýan okuwçylaryň we mugallymlaryň ýagyşly howada prezidentlere garaşandygyny Azatlygyň Özbek gullugy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berdi.
Serhet ýakadaky azlyklaryň aladalary
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň “Hormatly Arkadag” rubrikasyna düýn 23-nji aprelde bir okyjymyzdan hat gelip gowuşdy.
Ol öz hatynda türkmenistanly özbekleriň hak-hukuklary baradaky meseleleriň gozgalmagyny haýyş edýär.
Mälim bolşy ýaly, Sowet Soýusynyň dargamagy bilen iki ýurduň arasynda ýapylan serhet geçelgeleri ýurtlaryň araçäginde galan etniki azlyklara oňaýsyz täsir etdi, diýip mundan ozal birnäçe gezek ýerli ýaşaýjylar Azatlyga gürrüň beripdi. Hususan-da, Özbegistandan Türkmenistana gelin bolup düşen raýatlaryň pasportsuz kösençlikleri, ýa-da bolmasa serhediň aňyrsynda galan iki ýurduň raýatlarynyň dogan garyndaşlaryndan jyda galyşy barada maglumatlar peýda bolupdy. Iki ýurduň arasynda girizilen wiza režiminiň gysga möhletlik saparlar üçin ýatyrylandygyna garamazdan, Türkmenistan wagtal-wagtal serhedi bir taraply ýapyp geldi.
Berdimuhamedowyň Özbegistana edýän iki günlük resmi sapary 24-nji aprelde dowam edýär.