Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Ermenistanyň premýer-ministri Sarkisiany gutlady, Sarkisian wezipeden çekildi


Türkmen prezidenti Ermenistanyň şol wagtky prezidenti Serž Sarkisian bilen. 2014 ý.
Türkmen prezidenti Ermenistanyň şol wagtky prezidenti Serž Sarkisian bilen. 2014 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Serž Sarkisiany Ermenistanyň premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady diýip, TDH 21-nji aprelde habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy prezidentiň Sarkisiana iberen gutlagynyň mazmunyna salgylanyp, Ermenistanyň premýer-ministriniň “biliminiň, ýokary hünär derejesiniň we baý syýasy tejribesiniň täze jogapkärli wezipede Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hyzmat etjekdigine berk ynam bildirendigini” habar berdi.

Beýleki tarapdan, Ermenistanda Serž Sarkisianyň täzeden premýer-ministr wezipesine saýlanmagyna garşy ýurtda nägilelik çäreleri dowam edip, ahyry ol bu gün, ýagny 23-nji aprelde wezipeden çekildi.

Ermenistanyň parlamenti Sarkisiany onuň prezidentlik möhletiniň dolmagyndan 8 gün soň ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlady. 17-nji aprelde geçirilen ses berlişikde, Sarkisian sesleriň 76 -17 gatnaşygy bilen bu wezipä saýlandy.

Oppozisiýa liderleri Sarkisiany ýurduň syýasy dolandyryş gurluşyny parlament sistemasyna geçirip, özüniň häkimiýetdäki güýjüni saklap galmak synanyşyklarynda aýypladylar.

Protestlere oppozisiýaçy lider Nikol Paşinian ýolbaşçylyk etdi. Paýtagt Ýerewanda we ýurduň iň uly ikinji we üçünji şäherleri bolan Gýumride hem Wanadzorda köpsanly adamlaryň gatnaşmagynda, protest çärelerine dowam etdirildi.

Ýurtda dowam edýän protestleriň fonunda, Sarkisian 22-nji aprelde oppozisiýaçy lider Nikol Paşinian bilen duşuşdy. Ýöne bu duşuşygyň bary-ýogy 3 minuda çekendigi habar berildi.

Paşinian duşuşykda: “Men bu ýere siziň wezipeden çekilmegiňizi maslahat etmek üçin geldim” diýip, Sarkisiana ýüzlendi.

Sarkisian 22-nji aprelde köpçülikleýin habar serişdeleriniň gözüniň alnynda bolup geçen duşuşygy “şantaž” häsiýetlendirip terk etdi.

Düýn, başa barmadyk gepleşiklerden sähel salym soň, oppozisiýaçy lider Paşinian tussag edildi.

Ýöne bu gün, ýagny 23-nji aprelde Paşinian boşadyldy, Sarkisian wezipeden çekildi.

Berdimuhamedow Ermeni parlamentiniň wezipä bellän premýer-ministri Serž Sarkisiany 21-nji aprelde gutlapdy.

XS
SM
MD
LG