Türkmen hökümetindäki çeşme prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň basym hökümet agzalaryndan, telekeçilerden we medeniýet, sungat işgärlerinden düzülen uly delegasiýa bilen Özbegistana sapar etjekdigini habar berýär.
Читайте также на русском
Çeşmäniň tassyklamagyna görä, Berdimuhamedow ikiçäk gepleşiklerde özbek kärdeşinden TOPH geçirijisiniň gurluşygy üçin karz pul we goldaw soramagy planlaşdyrýar.
Maglumat üçin aýdylsa, “Interfaks” agentliginiň 26-njy dekabrda beren maglumatyna görä, Berdimuhamedow Mirziýoýewden öň rus kärdeşi Wladimir Putinden hem TOPH geçirijisine goldaw sorady. Emma Putin “şeýle proýektleri durmuşa geçirmegiň näderejede mümkin boljagyna seretmelidigini” aýdyp, oňa şübheli garaýandygyny bildirdi.
Garaşsyz metbugatda çykan habarlara görä, häzir Türkmenistanyň Özbegistan bilen araçäkleşýän Daşoguz welaýatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapara gelmegine çynlakaý taýýarlyk görülýär.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri şeýle taýýarlygyň Özbegistanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän Horezm oblastynda hem görülýändigini, iki ýurduň prezidentleriniň Horezmde duşuşmak ähtimallygny 16-njy aprelde habar berdi. Emma Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmi habar serişdeleri iki prezidentiň öňde durandygy aýdylýan duşuşygy we onuň gün tertibi barada hiç bir maglumat bermeýär.
Şol bir wagtda türkmen metbugaty TOPH proýektini ýygy-ýygydan ýatlaýar we fewralda onuň Owganystanyň territoriýasyndan çekiljek bölegine badalga berlendigini habar berdi. Emma bu proýektiň töweregindäki ýagdaýlary ýakyndan synlaýan ekspertler Türkmenistanyň 10 milliard dollar çemesinde bahalanýan TOPH geçirijisiniň gurluşygy üçin serişde tapmakda kynçylyk çekýändigini aýdýarlar.
TDH-nyň fewral aýynyň başynda we ortasynda beren maglumatlaryna görä, Berdimuhamedow türk kompaniýalaryny hem TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna çekmegiň maslahatyny edýär, emma bu maslahatlaryň detallary aýdyňlaşdyrylmaýar.
Habarlardan mälim bolşy ýaly, TOPH proýektiniň 85% harajadyny Türkmenistan çekýär we resmi Aşgabat bu gurluşygy nähili maliýeleşdirjegini şu wagta çenli aýdyňlaşdyrman gelýär. Şu aralykda TOPH-yň gurluşygynyň gijigýändigi, sebäbi “Türkmengazyň” onuň maliýe meselelerini çözmegi başarmandygy barada hem maglumatlar çap edildi.
Resmi Aşgabat bu hili maglumatlary gytaklaýyn, TOPH geçirijisine gyzyklanma bildirýän taraplaryň hem az däldigi baradaky tassyklamalar bilen ret edýär.
Türkmenistanyň netbi-gaz pudagyna bir ýyla golaý ýolbaşçylyk eden golaýda başga işe geçirilen wise-premýer Maksat Babaýewiň ýanwar aýynda tassyklamagyna görä, TOPH geçirijisiniň gurluşygyna Saud Arabystany hem sermaýa ýatyrýar. Prezident Berdimuhamedowyň bu maýa üçin saud patyşasyna minnetdarlyk hatyny ýazmagyna garamazdan, Riýadyň beren karzynyň TOPH-yň maliýe meselesini näderejede çözjekdigini çaklap bolmaýar, sebäbi onuň möçberi, şertleri aýdylmaýar.
Mart aýynda çykan habarlardan, Türkmenistanyň Katardan hem TOPH üçin maýa soramagyndan çen tutulsa, Saud Arabystanynyň TOPH üçin berýän karzy ýeterlik däl. Şol bir wagtda, Aşgabadyň TOPH-a maýa ýatyrmak baradaky çagyryşyna Dohanyň nähili jogap berendigi aýdylmaýar.
Şeýle-de Berdimuhamedow mart aýynda Kuweýte, Birleşen Arap Emirliklerine sapar etdi we TDH “maliýe gurluşlary bilen TOPH gurluşygynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerine garaldy” diýip ýazdy.
Ekspertler Türkmenistanyň nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamagy netijesinde dörän ykdysady şertlerde milliardlap dollara durýan proýektleri amala aşyrmakda barha kän kynçylyk çekýändigini, mundan öň Aşgabadyň 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Aziýa oýunlary meselesinde pul kynçylygyny çekendigini belleýärler.
Şol bir wagtda, TOPH proýektini durmuşa geçirýän “Türkmengaz” döwlet konserniniň hytaý kompaniýasyna bergili bolup, $2,5 million möçberindäki bergisini hem ýyllap üzüp bilmeýändigi habar berilýär.