Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýurtdan çykarmadylar, eklenç çeşmämden kesdiler”


Öweziň ýurtdan näme sebäpden çykarylmaýandygyny sorap ýazan hatyna gelen jogap.
Öweziň ýurtdan näme sebäpden çykarylmaýandygyny sorap ýazan hatyna gelen jogap.

“Meni hiç hili düşündiriş bermezden, ýurtdan çykarmadylar, soňkuja eklenç çeşmämden hem kesdiler” diýip, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylaryň biri gürrüň berdi.

Özüni Öwez diýip tanyşdyran türkmenistanly ýakynda Dubaýa uçmakçy bolanda, Aşgabadyň aeroportynda Migrasiýa gullugynyň ony sebäbini düşündirmän, yzyna gaýtarandygyny aýtdy.

“Men Dubaýa dowamly gatnap, ol ýerden haryt getirip, söwda-satyk edýärdim. Söwdam şowly boldy diýlende, aýda 100 dollar gazanç edýärdim. Soňky sapar bolsa, meni Migrasiýa gullugy ýurtdan çykarmady. Sebäbini hem düşündirmedi. Üstesine bilete harçlan 600 dollarymyň öwezini hem dolmadylar” diýip, ol belledi.

Mundan soňra, Öwez ýurtdan näme sebäpden çykarylmaýandygy bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň prezidentiniň, Ýokary gözegçilik edarasynyň, Migrasiýa gullugynyň adyna ençeme tapgyr arza ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýokarky edaralaryň Öweze beren jogaplarynyň nusgalary gowuşdy. Olaryň ählisinde “...arzalaryňyzyň doly öwrenilendigini we Size ýurduň çäginden çykmaga rugsat berilmändigini habar berýäris” diýilse-de, bu gadagançylygyň sebäpleri barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

Öweziň arzalaryna berlen jogaplar.
Öweziň arzalaryna berlen jogaplar.

“Menden ýurduň daşyna çykmak we öz hukuklarymy talap etmek haklarymy hem aldylar. Söwda-satyk bilen günümi görýärdim. Işsizlik, baran ýeriň para-berim... Indi näme etjegimi bilemok” diýip, Öwez Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde zeýrendi.

Galyberse-de, soňky döwür Azatlyk Radiosyna türkmen häkimiýetleriniň gazanç üçin daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýä gitmekçi bolýan raýatlary aeroportdan yzyna gaýtarýandygy barada dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Ýakynda Azatlyk Radiosyna Türkiýä uçmaly onlarça türkmenistanlynyň ýurtdan goýberilmän, munuň hem ýolagçylarda gahar-gazap döredendigi baradaky wideo ýazgy gelip gowuşypdy.

Bu aralykda, Türkmenistanda işsizlik sebäpli has köp raýatlaryň gazanç üçin daşary ýurtlara gidip başlandygy, şeýle-de, türkmen häkimiýetleriniň zähmet migrantlaryny, şol sanda daşary ýurtdaky talyplary hem yzyna dolamak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirendigi barada maglumatlar gelýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy ýokarda beýan edilenleriň hiç biri boýunça-da resmi ýagdaýda nähilidir bir kommentariýa bermekden ýüz öwürdi. Bu barada döwlet mediasynda hem dymylýar.

XS
SM
MD
LG