Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ten söwdasynda saklanýan türkmenistanly zenanlar barasynda habarlaryň çykmagy yzygiderli dowam edýär.
Türkiýäniň "Milliýet" gazeti belli turizm şäheri Antaliýada ten söwdasyna garşy gurnalan operasiýada, biri türkmenistanly, jemi 9 daşary ýurtly we bir türk zenan bilen, 5 şübheliniň saklanandygyny habar berýär.
"Haber Antaliýa" neşiriniň ýazmagyna görä, Antaliýa polisiniň Ahlak býurosynyň işgärleri Muratpaşa we Konýaalty etrapçalaryndaky bir myhmanhana bilen 6 öýde ten söwdasynyň gurnalýandygyny anyklaýar.
Ondan soň türk polisi Antaliýanyň Lara etrabynyň Altynkum mähellesinde ýerleşýän 7 salgyda aglabasy daşary ýurtly bolan zenanlary ten söwdasyna mejbur edilýändigi öňe sürülýän 5 şübhelini göz astyna alýar.
Antaliýanyň polisi gurnan operasiýalarynda olaryň ten söwdasyna mejbur eden biri türkmenistanly, 3 özbek, 2 ukrainaly, 2 gürjüstanly, 1 gyrgyz we ýene bir türk zenanyny saklanýan ýerlerinden halas edýär.
Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna maglumat beren Antaliýadaky polis çeşmesiniň aýtmagyna görä, saklanan türk zenany polisdäki soragyndan soň goýberilipdir. Ýöne ten söwdasyndan güman edilýän türkmenistanly zenan bilen beýleki daşary ýurtly zenanlar bolsa deportasiýa edilmegi üçin, Antaliýanyň göç edarasyna tabşyrylypdyr.
Polis çeşmesi ten söwdasyna mejbur edilendigi aýdylýan türkmen zenany barasynda, Azatlyk Radiosyna jikme-jik maglumat bermekden saklanýandygyny bildirip, Antaliýada soňky wagtlarda ten söwdasyndan tutulýan türkmenistanly zenanlaryň sanynyň köpelýändigine we hatda olaryň arasynda Türkmenistanda polis bolup işlänlere hem duş gelinýändigine üns çekdi.
Ähli synanşyklara garamazdan, deportasiýa ediljegi aýdylýan türkmen zenany barasynda, Antaliýanyň göç edarasyndan nähilidir bir kommentariýa ýa-da maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.
Ýeri gelende belläp geçsek, türk mediasynda mundan owal hem Antaliýada yzygiderli ýagdaýda ten söwdasyndan güman edilip, türkmenistanly zenanlaryň saklanýandygy hakda maglumatlar berlipdi.
Antaliýa polisi Arapsuýu mähellesinde ýerleşýän bir myhmanhana gurnan operasiýasynda, ten söwdasy bilen meşgullanýan 25 ýaşyndaky Sona S, 28 ýaşyndaky A.S. we 30 ýaşyndaky M.H. atly türkmenistanly zenanlar bilen olara araçylyk edýän türk raýatlaryny tussag edipdi.
Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şonda, türkmenistanly zenanlardan Sona S atly aýalyň öz ýurdunda polisde işleýändigini we ýyllyk rugsada çykandan soň, pula mätäçlik çekip, bir tanşynyň üsti bilen Antaliýa ten söwdasyny etmäge gelendigini mälim edipdi.
Sözi jemlesek, Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki metbugatynda, Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda, kelam agyz söz aýdylmaýar. Şol bir wagtyň özünde, degişli türkmen ýa-da türk resmilerinden nähilidir bir maglumat almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.