Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedowyň 'Garagum' aýdymy gyzyklanma döretdi


Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde 17-nji martda görkezilen programmadan pursat
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde 17-nji martda görkezilen programmadan pursat

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet telewideniýesinde görkezilen “aýallara sazly sowgady” habar çeşmeleriniň ünsüni çekdi we meşhur sosial ulgamlarynda gyzyklanma eýe boldy.

Читайте также на русском

Türkmenistanyň prezidenti Garagum aýdymy bilen Youtube “agdardy”. Aýallar tans etdi, erkekler çapak çaldy, diýip, Orsýetiň MK neşri belleýär.

Bu ýerde, prezident Berdimuhamedowyň 17-nji martda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde türkmen zenanlary üçin 8 mart sowgady diýlip, gijikdirilip görkezilen wideosy barada gürrüň gidýär.

Wideo ýazgynyň doly görnüşinde, Berdimuhamedow türkmen, iňlis we rus dillerinde birnäçe aýdym bilen çykyş edýär, şol sanda “Krug” atly sowet saz toparynyň 1980-nji ýyllarda meşhur bolan “Garagum” atly aýdymyny ýerine ýetirýär.

“Haýsy bir sebäpden bu ýazgyny baýramçylykdan 10 gün geçensoň görkezdiler diýip, türkmen prezidentiniň “Garagum” aýdymy bilen eden çykyşynyň wideo ýazgysyny Youtube kanalynda ýerleşdiren “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri belleýär.

Neşriň bu wideo ýazgynyň ýanynda çap eden kommentariýasynda Türkmenistanyň prezidentiniň bu aýdymy ýörite aýallar üçin däl-de, täze ýyl dabarasynda ýerine ýetirendigi bellenýär we muny “yzky plandaky arçalardan we öz yrymçylygy bilen tapawutlanýan döwlet baştutanynyň, hytaý kalendary boýunça sary itiň ýylyny – 2018-nji ýyly garşy alanda geýinen sary ýeňsizinden we jalbaryndan görmek bolýar” diýip ýazýar.

Döwlet habar agentligi TDH, 17-nji martda görkezilen wideonyň 8-nji martda halkara aýallar güni mynasybetli geçirilen dabarada surata düşürlendigini habar beripdi. Bu baýramçylyga ýurduň ähli regionlaryndan işde, çagalary terbiýelemekde we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlik gazanan zenanlaryň çagyrylandygy aýdylypdy.

“Şol ýadygärlik güni aýallara bagyşlap, sahnada meşhur opera we estrada aýdymçylary tapawutlandy, emma dabaranyň gatnaşyjylary üçin iň ajaýyp sowgady milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlarynyň wideo roligi boldy” diýip, TDH öz maglumatynda habar berdi we “olar aýratyn tolgunma we buýsanç bilen ata watan baradaky, söýgi we wepalylyk, Garagumyň sönmez gözelligi, öz haky alýan bahar pasly baradaky aýdymlaryna diň saldylar” diýip belledi.

Şu ýyl halkara aýallar güni mynasybetli Türkmenistanyň zenanlaryna prezidentiň adyndan pul görnüşinde hem sowgat berildi.

Emma resmi taýdan wada berlen 40 manat möçberli pul sowgady ýurduň käbir zenanlaryna wagtynda gowşurylmady. Hususan-da, Ahal we Balkan welaýatynyň pensiýadaky zenanlarynyň ençemesine prezidentiň pul sowgady plastik kartlaryna geçirilmedi.

Türkmenistanyň prezidentiniň halka sazly sowgatlary soňky ýyllarda däbe öwrüldi.

Geçen ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň zenanlary üçin 8-nji mart sowgady hökmünde “Kalbymda sen” atly aýdymyny ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň prezidenti köpçüligiň öňünde aýdym-sazly çykyşy bilen ilkinji gezek 2010-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde peýda boldy. Şonda türkmen prezidenti çagalaryň öňünde akordeon çaldy. Soň, 2011-nji ýylda öz doglan gününde “Saňa meniň ak güllerim” atly aýdymyny aýtdy.

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary şäherinde “Türkmeniň ak öýi” atly täze konsert köşgüniň açylyş dabarasynda prezident Berdimuhamedowyň aýdan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!" atly aýdymyny dört müňden gowrak adam bilelikde ýerine ýetirdi. Bu waka Türkmenistany şol bir aýdymy bir wagtda bilelikde ýerine ýetiren adamlaryň sanynyň köplügi boýunça dünýä derejesinde öňe çykardy we bu rekordy bilen Gines kitabyna girmegine sebäp boldy. Bu aýdym, 2017-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji aziýa oýunlarynyň gimni edildi.

Türkmenistana 2006-njy ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýogalmagyndan soň ýolbaşçy bolan Gurbanguly Berdimuhamedow saz sungatyndan daşary, söweş sungatlary, atçylyk, tigir, awtomobil, golf, ýeňil atletika ýaly dürli sport görnüşleri bilen meşgullanýar, şeýle-de syýasat, ykdysadyýet, taryh we türkmenleriň däp-dessurlary barada eser ýazýar.

Türkmenistanyň milli habar serişdeleri prezidentiň döredijiligi barada giňden habar berip gelýär.

ABŞ-nyň “The Foreign Policy” žurnaly Gurbanguly Berdimuhamedowy dünýäniň iň aýylganç 23 diktatorynyň sanawyna girizdi.

XS
SM
MD
LG