Golaýda 8-nji mart Aýal-gyzlar güni bellendi. Türkiýede zähmet çekýän türkmen migrant zenanlary Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýüz tutup, bu mynasybetli özleriniň duş gelýän problemalaryny gün tertibine getirmegimizi haýyş etdiler.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, Türkiýe türkmen zähmet migrantlarynyň ýykgyn edýän esasy ýurdy bolup durýar. Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň we hukuk geňeşdarlygy hyzmatyny berýän firmalaryň hasabatlaryndan çet tutulanda, ýurtdaky türkmenistanly migrantlaryň aglaba köpçüligini hojalyklarda işleýän zenanlar emele getirýärler.
Eýsem, türkmenistanly migrant gyz-gelinler häzir Türkiýede has köp nähili problemalara duş gelýärler we munuň sebäbi ýa-da sebäpleri näme?
Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşigimiziň bu günki sanyny türkmenistanly zähmet migrant zenanlaryň Türkiýedäki problemalaryna gönükdirýär.
Gepleşigi diňläp, aşakdaky foruma bu temadaky tejribeleriňizi we pikirleriňizi ýazyp bilersiňiz.