Türkmenistanyň käbir etraplaryndaky mekdeplerde “baharyň gelmegi bilen ýaýbaňlanjak çäreler üçin” diýlip, eýýämden tehniki işgärleriň aýlyklaryndan mejbury ýagdaýda 30-35 manat möçberinde pul tutulmaga başlanandygy habar berilýär.
Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna ýüz tutan Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky käbir mekdepleriň tehniki işgärleriniň aýtmagyna görä, “geljek aý etraplardaky bilim edaralarynda başlajak çäreler üçin” diýip mejbury ýagdaýda mekdeplerdäki tehniki işgärleriň aýyklaryndan 30-35 manat möçberinde pul tutulypdyr.
Mekdeplerde işgärleriň aýlyklaryndan “çäreler üçin” diýlip, 30-35 manat möçberinde pul tutulmagy, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna gurnajak saparynyň öňüsyrasyna gabat geldi.
Mekdepleriň ýolbaşçylary olara diňe bu aý däl, eýsem mundan beýläk yzygiderli ýagdaýda geçiriljek çäreler üçin aýlyklardan şeýle puly her kimiň bermäge mejburdygyny aýdypdyrlar.
Olar, aýlygyndan çäreler üçin pul tutulmagyna razy bolmaýan mekdeplerdäki tehniki işgärlere müdirleriň “Aý, onda sen işi goý-da gidiber. Biz seniň ýeriňe her aý çärelere goşant goşjak işgär tapyp alarys” görnüşinde jogap berýändigini öňe sürýärler.
Olaryň gürrüň bermegine görä, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky mekdeplerde işleýän käbir tehniki işgärler bileleşip, etrabyň bilim bölümine arz etmäge barypdyrlar. Bilim bölümindäki bir resmi olara: “Mekdebiň ýolbaşçysy näme diýýän bolsa şony ediň. Siz näme döwletiň bu syýasatyna we prezidentiň ýurt barada edýän aladasyna garşy gelýäňizmi? Hany onda biz bu düzgüne garşy diýip arza ýazyp beriň, onsoň göreli-bakaly soňy nirä barýar” diýip, jogap beren badyna, şol tehniki işgärler yzyna gaýdypdyrlar.
Ondan soň çäreler üçin pul tutulmagyndan nägile bolup, welaýat bilim bölümine çenli arz etmäge baran işgärler bolupdyr. Ýöne olaryň arzyny hem diňlän bolmandyr.
“Munuň etrapdaky iň ýörgünli ýerleriniň biri höküminde Çagalar we ýetginjekler baradaky mekdebi mysal getirse bolar. Işgärleriň aýlygyndan çäreler üçin mejbury ýagdaýda her aý 30-35 manat möçberinde pul tutmak etrap bilim bölüminiň resmisiniň aýdyşy ýaly dogrudanam “döwletiň syýasatyna” öwrüldimikä? Sesimizi ýokardaky ýolbaşçylara we prezidentimize eşitdirmek üçin Azatlyk Radiosyna ýüz tutduk. Prezidentimize we ýokardaky ýolbaşçylara Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky mekdeplerde “döwlet syýasaty we prezidentiň ýurt barada edýän aladasy” diýen şygar bilen çärelere diýip, aýlyklarymyzdan mejbury ýagdaýda 30-35 manat tutulýandygyny eşitdirmek isleýäris. Mejbury ýagdaýda pul tutmasynlar mekdeplerde, gaýrat edip bize arka çykyp, kömek etsinler” diýip, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky käbir mekdepleriň tehniki işgärleri anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýdýar.
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, bilermenler Türkmenistanda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärlerden çäreler üçin pul talap etmek “düzgüniniň” owaldan bäri dowam edip gelýändigini we Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlary bilen munuň jemgyýete ymykly ornaşandygyny öňe sürýärler.
Türkmenistanda döwlet işgärlerinden ýokarda aýdylyşy ýaly diňe bir çäreler üçin pul talap edilmeýär. Meselem, Aşgabat şäherinde we Balkan welaýatynda ýazky nahal oturtmak çäresi üçin döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärlerden 10 manat möçberinde pul talap edilýär.
Bu talap, Türkmenistanda şu ýylyň ýazynda we güýzünde ýene 3 million düýp nahal oturtmak barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden kararyndan bir hepde soňa gabat geldi.
Sözi jemläp aýtsak, ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda, Lebap welaýatynyň degişli resmilerden nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmady.