Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk radiosy 65 ýaşady


Praga, AÝ/AR-nyň binasy
Praga, AÝ/AR-nyň binasy

Azatlyk radiosy 65 ýaşady! 65 ýyl ozal stalinçi režimiň birtaraply propagandasy astynda ýaşaýan adamlara alternatiw habarlary ýetirmek ideýasyny goldanlar we Azatlygyň türkmen dilindäki gepleşikleriniň gözbaşynda duranlar ýatlananda, ozaly ýuridiki ylymlaryň doktory Aman Berdimyrat ýada düşýär. Ol 1952-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Azatlyk radiosynyň Türküstan redaksiýasynyň müdirligine bellenýär.

Türkmenistanda doglan we bilim alan, soňra gitlerçi Germaniýa bilen uruşdanemes goşunlaryna ýesir düşen Aman aga öz ykbaldaşlary Myrat Täçmyrat, Allamyrat Halmyrat dagy bilen Azatlygyň Türkmen gullugynyň esasyny goýýar.

Azatlygyň berýän gepleşikleriniň uzakdaky Türkmenistanda nähili ýaň salandygyny, kommunist režimiň ýolbaşçylarynyň olaryň halka ýetirýän maglumatlaryndan nähili biynajalyk bolandyklaryny görmek üçin 1980-nji ýyllaryň türkmen gazetlerine göz aýlamak hem ýeterlik. Şol wagt olar ile ýetirýän senzurasyz maglumatlary üçin döelet eýeçigilndäki metbugatda “dönükler”, "haýynlar"hökmünde näletlenýärdi.

Emma soň, 1991-nji ýylda SSSR dargap, Türkmenistan garaşsyz ýurt bolanda, Azatlygyň weteran žurnalistleriniň türkmen halkynyň azat ýaşamagy üçin eden tagallalary belli bir derejede ykrar edildi, olara ýurda barmaga ýol açyldy. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow Azatlyk radiosyna interwiýu berdi, hatda Türkmenistanyň hökümeti 1995-nji ýylyň noýabrynda Azatlyk radiosynyň Türkmenistanda öz edarasyny açmagyna hem resmi rugsat berdi.

Emma bu rugsat hiç wagt kagyz ýüzünden iş ýüzüne geçmedi, uzak ýyllar Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bolan Saparmyrat Öwezberdi, türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk eden käbir beýleki žurnalistler yzarlanmalar zerarly ýurduny terk etmäge mejbur boldy.

Azatlygyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky işi we yzarlanmalar ýurt garaşsyzlygyndan uly tama eden Aman Berdimyrat, Myrat Täçmyrat dagyny hem gaty gynandyrdy. Mysal üçin, Aman Berdimyrat Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy bellenýän günlerinde žurnalist Nazar Hudaýberdi bilen söhbetdeşlikde ýene bir on ýylyň ýitirilendigini aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Myrat Täçmyrat dagydan soňky işgärleriniň arasynda garaşsyzlyk ýyllarynda diňleýjiler dürli ýyllarda Azatlyga ýolbaşçylyk eden Muhammet Zerip Nazaryň, Näz Nazaryň atlaryny has köp eşitdiler.

Zerif Nazar Azatlygyň Türkmenistana baryp, ýurduň prezidentinden interwiýu alan ilkinji we häzirlikçe soňky žurnalisti bolup galýar. Zeri Nazaryň Azatlyga ýolbaşçylyk eden ýyllarynda türkmen dilinde efire berilýän gündelik original gepleşikleriň wagty bir ýarym sagada ýetirildi.

Emma türkmen häkimiýetleri Türkmenistanda barha diňleýjisi köpelýän Azatlygyň žurnlaistlerini yzarlamagy, ýanamagy goýmadylar. Netijede, Halmyrat Gylyçdurdy, Rahym Esenow, Aşyrguly Baýryýew, Döwletmyrat Ýazgulyýew, Osman Hallyýew, Myrat Gurban... ýaly ozalky habarçylarymyz yzygiderli ýanaldy, Azatlygyň häzirki habarçysy Soltan Açylowa bolsa diňe geçen ýylyň dowamynda hem birnäçe gezek haýbat atyldy.

Azatlyk bilen hyzmatdaşlyk eden Ogulsapar Myradowa türkmen türmesinde heläk boldy, Saparmämmet Nepesgulyýew bolsa şindem türmede otyr.

Bu gün 65 ýaşyny belleýän Azatlyk häzir diňe radio däl, eýsem ýurt içinde düşürilen fotosurat sergileri, wideoreportažlary, internet sahypasynda çap edilýän makalalary, ses ýazgylary bilen her günde dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan we türkmen dilindäki, rus dilindäki türkmen habarlary bilen gyzyklanýan ýüz müňlerçe adama baryp ýetýär.

Bellemeli ýeri, radionyň iş gerimini indi 65 ýyl öňkiýagdaý bilen diýmäliň, on ýyl mundan öňki ýagdaý bilen hem deňeşdirmek mümkin däl. Diňleýjilerimiziň biriniň sözi bilen aýtsak, ol “garaşsyz türkmen döwletinde bolup geçýän zatlaryň aýnasy wesene ýazuwçysy bolup durýar”.

XS
SM
MD
LG