Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulyň Aksaraý etrabynda 140 migrant zenan ten söwdasynda saklandy


Stambul şäheri
Stambul şäheri

Stambulda türkmenistanlylaryň köpçülikleýin esasy üýşýän, bolýan we işleýän ýeri hasaplanýan Aksaraý etrabynda, hepdäniň dynç alyş güni geçirilen operasiýalarda ten söwdasyna mejbur edilendigi öňe sürülýän 140 daşary ýurtly zenanyň saklanandygy mälim edilýär.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren Stambuldaky polis çeşmesi Aksaraýda käbir dynç alyş ýerlerinde aglabasy türkmenistanly bolan daşary ýurtly zenanlaryň zor bilen ten söwdasyna mejbur edilýändigi, şeýle-de ol ýerde adam söwdasynyň ýola goýulýandygy baradaky maglumaty alan howpsuzlyk güýçleri güman edilýänleri 3 aý boýunça tehniki hem fiziki taýdan yzarlapdyr.

Polis çeşmesi Stambulyň Aksaraý diýen ýerinde geçen hepdäniň ahyrynda gurnalan operasiýada saklanan 140 migrant zenanyň arasynda, köpsanly türkmeniň hem bardygyny aýtdy. Ýöne polis çeşmesi tutulan türkmen zenanlarynyň anyk sanyny bermekden saklanýandygyny, soragda zenanlardan gerek bolan maglumatlaryň alynmagyndan soň, olaryň deportasiýa ediljegini bildirdi.

Türkiýäniň köp tiražly “Hürriýet” gazetiniň ýazmagyna görä, türkmenistanly raýatlaryň Stambulda esasy ýykgyn edýän ýeri bolan Akasaraýda ýerleşýän 23 sany gijeki klub bilen 10 myhmanhananyň dolulygyna ýapylandygyny ýazýar.

Beýleki tarapdan, türk mediasynda Türkiýäniň Düzje welaýatynda ten söwdasyny gurnamakda güman edilip saklanan türkmenistanly zenan bilen gürjüstanly ýaranynyň geçen hepde deportasiýa edilendigi habar berilýär.

“CNN Turk” telekanalynyň beren maglumatyna görä, Düzje welaýatynyň polisiýa gullugynyň Akçakoja etrabynda ýerleşýän gündelik kireýe berilýän 74 sany jaýda barlag geçiripdir. Düzje şäheriniň Gaziantep şaýolunyň ugrundaky bir jaýda gündelik kireýe berilýän bir öýde ele salynan 38 ýaşyndaky M.Ý. atly türkmen migrant zenany bilen 35 ýaşyndaky gürjüstanly S.K. atly zenanyň “ten söwdasyny gurnamak bilen meşgullanandygy” anyklanypdyr.

Sözi jemläp aýtsak, Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki metbugatynda, Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda söz açylmaýar. Şol wagtyň özünde, şeýle ýagdaýlara duş gelýän türkmen migrantlarynyň ykballary barasynda degişli türkmen ýa-da türk resmilerinden jikme-jik maglumat ýa-da haýsam bolsa bir kommentariýa almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG