Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp respublikanlaryň belliginde özüniň 'doly tassyklanylandygyny' aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Kongresde çykyş edýär, 30-njy ýanwar, 2018.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Kongresde çykyş edýär, 30-njy ýanwar, 2018.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp respublikanlaryň ýazan kongres belliginde özüniň doly tassyklanylandygyny, sebäbi ol ýerde FDB-nyň Trampyň prezident saýlawlary kampaniýasynyň Orsýet bilen mümkin bolan baglanyşygyny derňände öz gözegçilik ygtyýarlyklaryny bikanun ulanandygynyň öňe sürülýändigini aýtdy.

Tramp 3-nji fewral güni giçlik twitterde “Bu bellik derňewdäki “Trampy” doly tassyklaýar, emma rus arwah awlamasy ýene we ýene dowam edýär” diýip ýazdy. Tramp ol ýerde “dil düwüşmäniň-de, öz adminstrasiýasy tarapyndan FDB-nyň derňewiniň öňüni baglamak synanyşygynyň-da bolmandygyny” aýtdy.

Emma gürrüňi edilýän bellikde Trampyň we onuň ýaranlarynyň Adalat departamentiniň 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlaryna Kremliň gatyşyp-gatyşmanlygyny derňemek üçin bellän ýörite wekili Robert Mýulleri gowşatmak babatdaky islendik synanyşygyny çylşyrymlaşdyrjak açyşlar hem bar.

FDB 31-nji ýanwarda bu belligiň çap edilmegine açyk garşy durdy, ýagny onda “belligiň anyklygyna düýpli täsir ýetirýän fakt gözden salmalarynyň bardygyny” aýtdy.

Kongresiň baýry demokratlary, eger ol bu belligi Mýulleri işden boşatmak üçin bahana edinip ulansa, Trampyň “konstitusiýa krizisine” itergi berip biljekdigini duýdurdylar.

XS
SM
MD
LG