Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda un gymmatlaýar we gytalýar


Türkmenistanda un bilen birlikde, beýleki azyk harytlarynyň gymmatlamagy hem dowam edýär.
Türkmenistanda un bilen birlikde, beýleki azyk harytlarynyň gymmatlamagy hem dowam edýär.

Türkmenistanda – agyr ykdysady krizisiň fonunda – unuň bahasy barha ýokarlanyp, ol käbir sebitleriň, şol sanda paýtagtyň hem dükan tekjelerinden ýitirim bolup başlady.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň berýän maglumatyna görä, ýurtda esasy azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy bilen adamlar has köp çörek we unaş önümleri bilen iýmitlenmäge mejbur bolýarlar.

1-nji fewraldan benziniň bahasynyň hem 50% gymmatlamagyndan soň, ýaşaýjylar durmuşyň mundan beter-de gymmatlajagyndan howatyr edip, un we ýag ýaly önümleri almak üçin, uly nobatlary emele getirip başladylar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri hem bu ýagdaýlary tassyklap, häzir Aşgabadyň bazarlarynda unuň asla-da defisit haryda öwrülendigini aýdýarlar.

“Ýurduň özünde öndürilen 1-nji sortly unuň 1 haltasynyň (45 kg – red.) bahasy 37 manat bolanlygyndan, 80 manada çykdy. Emma bu bahadan hem ony açyk söwdadan tapyp bolmaýar. Gazagystandan getirilýän un hem gytaldy. Emma onuň bahasy hem bir kilogramynyň 1,50 manat bolanlygyndan, 5 manada çenli gymmatlady. Ony tapaýaňda-da, bu bahadan satyn almaga ýagdaýymyz ýok” diýip, özüni Enegül diýip, tanyşdyran 40 ýaşlaryndaky hasapçy Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmelerine gürrüň berdi.

Ýurduň Mary welaýatynda hem un gytçylygy eýýäm üç aýdan bäri dowam edip gelýär. Unuň açyk söwdasynyň ýokdugy üçin, ony käbir hojalyklardan, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryndan iki esse bahasyna tapyp bolýar. Döwlet dükanlarynda bir halta un 47 manada satylýan bolsa, onuň haltasyny 100 manatdan satýarlar.

Ýurduň demirgazyk welaýatynda hem ýokarda beýan edilýän ýagdaýlary synlasa bolýar. Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleri, benziniň nyrhy gymmatlandan soň, un almak üçin uly nobatlaryň dörändigini, ony tapmagyň hem barha kynlaşýandygyny gürrüň berdiler.

Galyberse-de, ýurtda un bilen birlikde, beýleki azyk harytlarynyň gymmatlamagy hem dowam edýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarky ýagdaýlar, şeýle-de bularyň ilata ýetirýän täsirleri barada ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler. Munuň deregine türkmen mediasynda “ýurt bolçulygy”, “azyk howpsuzlygy”, “ykdysady ösüş” diýilýänleriň “delilleri” hökmünde dowamly çykyşlary we tekjeleri dürli-dümen harytlardan doly dükanlardan reportažlary görkezilýär.

Mundanam başga, geçen ýylyň noýabrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanandygyny öňe sürüp, ozal mugt berlen tok, gaz, suw hyzmatlaryny tölegli hasaba geçiripdi.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, geçen ýylyň aýagynda Berdimuhamedow azyk howpsuzlygy boýunça döwlet komissiýasyny döretdi. Emma bu komissiýanyň azyk meselesinde dörän kynçylyklary aradan aýyrmakda nähili anyk çäreleri görýändigi aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG