Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aşgabatliftiň” ätiýaçlyk serişdeleri gutarypdyr


"Aşgabatlift" müdirligi
"Aşgabatlift" müdirligi

Aşgabat şäherinde soňky 10 ýylyň dowamynda, ilatyň hususy jaýlary ýumrulyp, köpgatly jaýlara göçmäge mejbur edilmegi bilen öňki rahatlygyny ýitirdiler. Parahat-5, Parahat-6, Parahat-7, Parahat-8 kiçi etrapçalary esasan 9-gatly ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolup, olarda ýaşaýjylar üçin amatly şertler ýetmezçilik edýär.

Basgançaklardan aşak-ýokary ýöreýän aýak sesleri, çagalaryň goh-galmagallary, hatda daşardaky adamlaryň özara gürrüňleri hem otaglaryň içinde ýaňlanyp durandygyny aýdýarlar. Ilaty köseýän ýene bir meseläniň 9 gatly jaýlardaky liftler bilen baglydygyny eşitmek bolýar.

Bary-ýogy 5 ýyl ulanylan liftler eýýäm hatardan çykyp, olaryň häli-şindi işlemän durýandygyny Parahat-7 kiçi etrapçasynyň ýaşaýjysy Sülgün daýza aýdýar.

Liftler häli-şindi bozulýar. Parahat-7, Parahat-8 kiçi etrapçalaryna hyzmat edýän “Aşgabatlift” müdirliginiň 4-nji bölümçesine jaň etseň, olar lifti bejermäge wagty bilen gelmeýärler. Lifti ‘bejerdim’ edip gidenlerinden-de, salym geçmänkä ýene-de bozulyp duran halatlary köp bolýar.

“Ýakyn goňşym ýaşuly aýal rak keseli bilen keselläp, onkologiýa hassahanasyna gatnap bejergi alýar. Ol hassa bejergiden soňra öýüne gelende, liftiň işlemeýänligi sebäpli, ýokarky gatlara pyýadalap çykmaly bolýar. Muňa bolsa onyň ýarawlygy ýok. Agyr bejergilerden soňra oňa süňňini gyzdyrmak hem bolmaýar. Emma görgüli nätsin, lift işlemän dursa-da, öýüne girmek üçin, her basgançakda oturyp-turyp, 9-njy gata çykmaga mejbur bolýar” diýip, Sülgün daýza aýdýar.

Ýaşaýjylaryň sözüne görä, lift haçan görseň hatardan çykyp dur. “Aşgabatlift” müdirligniň 4-nji bölüminiň işgärleri bu lifti ymykly bejermäge howlugmaýarlar. Parahat-7 etrapçasynyň 19-njy jaýynyň 4-nji girelgesiniň bir ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, işläp duran liftleriň tarkyldysyndan hem bizar bolýarlar.

Girelgedäki biziň liftimiz indi 3 aý bäri açylyp-ýapylanda, gapylar biri-birine urlup, gaty zenzele turýar. Daňdan 5-den, gije sagat 12-ä çenli her bir ýaşaýjy lifte münüp-düşende, şol tarkyldy gaýtalanýar. Soňra uzakly gün gulaklarymda tarkyldy ýaňlanyp dynç berenok” diýip, bir ýaşaýjy ýadýar.

Ol “Aşgabatliftiň” 4-nji bölümine jaň edip ýagdaýy aýdanynda, dispetçer “daýza, häzir howa sowuk, sowuk howada demirler üşeýär, onsoň olardan zenzele çykýar, gaýrat ediň, az salymdan howa maýlar welin, tarkyldy hem aýrylar” diýip jogap beripdirler.

“Men indi 5 ýyl bäri şu jaýda ýaşaýaryn. Agyr gyşlarda hem beýle zat bolmandy, indi näme demir gapylar sowuga çydamsyz bolupdyrmy diýip sorasam , dispetçer maňa, “daýza, adam hem garrasa şeýle bolýar, liftlerem adam ýaly, könelýär, onsoň olaram sowuga çydamsyz bolýar” diýip jogap gaýtardy. Men bu meseläni düýpli çözmek üçin, “Aşgabatliftiň” 4-nji bölümçesine baryp, lifti ymykly düzetmeklerini haýyş edenimde, edara ýolbaşçysy maňa ätiýaçlyk şaýlaryň ýokdugyny aýtdy.

‘Edarada pul ýok, pul goýberilmeýär, ätiýaçlyk şaýlaryň özüni hem bermeýärler. Siziň liftiňiziň gapysynyň roligi zaýalanypdyr. Ol rolik bizde ýok. Ony dükandan satyn alsak boljak welin, men özümiň 1200 manat aýlygym bilen haýsy bir lifte ätiýaçlyk şaýlary satyn alyp, özümden çykdajy edeýin? Menem çaga eklemeli’ diýip jogap berdi. “Aşgabatliftiň” düýp edarasyna jaň edip, şikaýat etmegim hem netije bermedi. Ol ýerden bu mesele bilen gyzyklananlarynda, meniň ýaşaýan girelgämiň liftiniň işläp durandygyny, hiç bir kemçilik görmeýändiklerini aýtdylar” diýip, Parahat-7 etrapçasynyň 19-njy jaýynyň 4-nji girelgesiniň ýaşaýjysy aýdýar.

XS
SM
MD
LG