Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ownuk paranyň yzy kesilmeýär


Aşgabatda köçede söwda edip oturan bir daýza.
Aşgabatda köçede söwda edip oturan bir daýza.

Türkmenistanyň prezidentiniň parahorluga garşy barlyşyksyz göreş yglan edendigine garamazdan, hut hukuk goraýjy işgärleriň arasynda parahorlugyň dowam edýändigini aýdýarlar.

Maryly bir zenanyň aýtmagyna görä, olar güzeran üçin özlerinde bar bolan azyk önümlerini Aşgabada getirip satýarlar. Ýönä Aşgabada azyk önümlerini aşyrýança, demir ýol transport polisiýa işgärlerine para bermekden halys başylýandyklaryny aýdýarlar. Şäher bazarlarynda hem her etrapçada gözegçilik edýän ýerli polisiýa işgärlerine para bermeli bolýarlar.

“Ýöne bazarda oturmaga ýer puly tölemek gymmat, bazarlardaky petekleriň bahasy-da juda gymmat. Onsoňam biziň ýumurtga, süýt-gatyk önümlerini getirip berýän hemişelik alyjylarymyz bar. Olar biz bilen ylalaşyp söwda edýärler. Getirýän harytlarmyzy nesýe bolsa-da, adamlar aýlyk-günlük alýançalar karzyna berip öýe gaýdýarys. Biziň belli alyjymyz bolansoň, bizden karzyna haryt alyp, soňra aýlykda hasaplaşýarlar. Bu hem biziň bähbidimize, hem alyjynyň bähbidine bolýar” diýip, maryly söwdagär aýdýar.

“Muňa derek ýolagçy otlusynda bizi Aşgabada ýetýänçäk talaýarlar – diýip, ol söwdagär aýdýar. – Otluda demir ýol-transport polisiýasynyň işgärleri ellerini serip başlaýarlar. Her etrabyň çäginde demir ýol-transport polisiýasynyň işgärleri bizden 5 manat pul alýarlar. Şol puly bermesek, dürli bahanalar bilen bizi wagondan düşürjekdikleri bilen haýbat atýarlar. Ýanymda pulum ýok diýip, sypjak gümanyň ýok. ‘Daýza, bol basymrak, biziňem wagtymyz ýok, bary-ýogy 5 manady hem bermejek bolup dursuň’ diýip, olar ýüzlerini garaldyp, göz haklaryny almasalar depäňden gidenoklar”.

Aşgabada gelip düşenlerinden soňra olaryň çykdajylarynyň has artýandygyny hem satyjylardan eşitmek bolýar.

“Kiçi etrapçalaryň uçastok polisiýa işgärlerniň ‘işdäleri’ has açygrak. Bu ýerde ele düşsek olara 50 manat berip sypmaly bolýarys. Şol puly bermesek, onda harydymyzy elimizden alyp galýarlar” diýip, ol sözüne goşýar.

Gün-güzerany kyn bolan ýaşaýjylar öz hojalygynda önýän süýt-gatyk ýaly önümlerini ýerlejek bolup, polisiýa işgärlerinden çürkenýändiklerini aýdýarlar.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň prezidenti Içeri Işleri Ministri Mulikowa öz garamagyndaky kadrlary seçip almakda goýberýän kemçilikleri üçin, iň soňky berk käýinji beripdi.

Emma parahorluga çümen bu sistemada gowulyga tarap hiç bir özgerişligiň görünmeýändigini, hatda ministre berk käýinjiň berlip duran halatynda hem onuň garamagyndakylaryň iň bir ýönekeý ýaşaýjylarynyň gazançlaryna el urmaklarynyň dowam etdirýändigini ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG