Türkmenistana daşary ýurtlardan dolanyp gelýän raýatlaryň migrasiýa we gümrük gullugynda her dürli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada barha köp maglumat gelip gowuşýar.
Azatlyk Radiosy bilen sosial ulgamlary arkaly habarlaşan türkmenistanlylar Aşgabadyň aeroporynda el goşlarynyň zor bilen dökülip, onda tapylan ähli dermanlarynyň mejbury alnyp galynýandygyny aýdýarlar.
“Men Belarusdan gyşky dynç alyşa gelenimde, [Aşgabadyň] aeroportynda [gümrük gullugynyň işgärleri] çagyryp, üstüme azgyrylyp, el goşlarymy dökmegimi soradylar. Goşlarymyň arasynda ejeme alyp gelýän korwalol, wolidol ýaly ýürekagyry, sitromon, parasetamol ýaly kelleagyry dermanlary bardy. Dermanlaryň ählisine aptekada berlen kwitansiýalary hem bardy. Onda-da üstüme gygyryp, ‘häzir protokol düzeris, jerime salarys’ diýip, gorkuzyp [dermanlarymy] alyp galdylar” diýip, belarusda okaýan, 20 ýaşlaryndaky Jeren (ady üýtgedilen – red.) Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Jeren dermanlarynyň alnyp galynmagyny diňe “bolanok” diýen bahana bilen düşündirendiklerini, şeýle-de bu barada özüne hiç hili resmi dokumentiň, protokolyň berilmändigini hem sözüne goşdy.
Azatlyk Radiosynyň degişli gümrük ýolbaşçylary bilen habarlaşyp, dermanlaryň aeroportdan geçirilmän, saklanyp galynmagynyň sebäplerini aýdyňlaşdyrmak synanyşyklary netije bermedi.
Emma bu çäreler ýurtda däri-dermanlaryň gytalyp, olaryň bahalarynyň barha gymmatlap başlan döwrüne gabat geldi. Ýurduň käbir künjeklerinde hatda sanjym üçin iňňeleriň ýokdugy, keselhanalarda bolsa näsaglardan gerekli dermanlaryny öz ýanlary bilen getirmegi talap edilýändigi barada maglumatlar bar.
“Maryda iň bärki dermanlaryň hem tapdyrmaýandygy sebäpli, ejeme zerur dermanlary Belarusdan alypdym. Indi olary şäheri söküp, has gymmat baha alaýmasam, başga çäre ýok. Dogursy, olary tapjagyňam gümana...” diýip, talyp gyz Jeren gussaly gürrüň berdi.
Galyberse-de, bu derman gadagançylygy Türkmenistana dolanyp gelýän raýatlaryň Aşgabat aeroportynda duş bolýan meseleleriniň iň soňkusydyr.
Mundan öň, daşary ýurtlardan gelýän türkmenistanlylaryň el telefonlarynyň zor bilen barlanýandygy, sorag edilýändigi, goşlarynyň ýolagçylardan bidin, rugsatsyz açylyp, barlanýandygy barada maglumatlar gowşupdy.
Galyberse-de, geçen noýabrda türkmen prezidenti “Türkmenhowaýollarynyň” başlygy Döwran Saburowa "işde goýberen kemçilikleri üçin" soňky duýduryşyny we käýinjini beripdi. Emma türkmen mediasy ýokarda beýan edilen ýagdaýlarda hem bolşy ýaly, bu “kemçilikleriň” jikme-jikleri barada dymdy.