Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler kabinetiniň 2017-nji ýyldaky soňky maslahatyny geçirip, türkmen manadynyň durnukly bolmagynda galjakdygyny aýtdy.
“Çaklamalara görä, puluň hümmetsizlenmegi hem durnukly ýagdaýda, takmynan, 6 göterim möçberde saklanar” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.
Prezident bu çaklamalaryny “geljek ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilmegi” bilen düşündirdi. Ol zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberiniň ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylandygyny ýatlatdy. “Zähmet haklaryny tölemekde hem hiç hili mesele ýok” diýip, döwlet baştutany aýtdy.
Türkmenistanda dollaryň resmi kursy 3,5 mant bolmagynda galýar, “gara bazarda” 1 ABŞ dollary 10 manada golaýlady.
Dollaryň erkin konwertasiýasynyň ýapylmagy we beýleki çäklendirmeler türkmen raýatlarynyň döwlet kursundan dollar almak üçin daşary ýurtlara gatnamagyny köpeltdi.