Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni hökümetiň 2017-nji ýyldaky iň soňky, jemleýji maslahatyny geçirip, ýylyň dowamynda halkyň “ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik üçin zerur bolan çäreleri görendigini” belledi we it ýylyndan söz açyp, ol “kömege mätäçleri goraýar, garşydaşlary ýaraşdyrýar” diýdi. Emma döwlet baştutany “mätäçler” we “garşydaşlar” diýende, kimleri göz öňünde tutýandygyny anyklaşdyrmady.
Şeýle-de prezident it “duşmana berk garşy durýar, päliýamanlar, işýakmazlar, kezzaplar bilen haklaşýar” diýdi. Ýöne ol bu gezek hem sözüni anyklaşdyrmakdan saklandy.
Berdimuhamedow, öňki ýyllarda hem edişi ýaly, bu ýyl geçirilen ýygnaklaryň we maslahatlaryň sanlaryny getirdi. Şonuň bilen bir wagtda ol ýylyň ýeňil bolmandygyny hem boýun aldy.
Türkmenistan, tebigy gazöndürýän ýurt bolmak bilen, “çylşyrymly daşarky şertlere, şol sanda nebitiň we gazyň nyrhlarynyň durnukly pese düşmegine hem-de söwda boýunça hyzmatdaşlary bolan ýurtlarda ykdysady işjeňligiň peselmegine uýgunlaşmagy başardy” diýip, döwlet baştutany aýtdy.
Eýsem, Türkmenistan bu ýagdaýa uýgunlaşmak üçin nähili çäreleri gördi?
“Döwlet maýa goýumlaryny azaltdyk. Walýutanyň hümmetini kem-kemden peseltdik hem-de jemagat hojalygynyň hyzmatlary üçin bahalary bir gezek ýokarlandyrdyk” diýip, prezident geljekde durmuşa geçirilmekçi bolýan programmalary hem sanady.
Göz öňünde tutulýan işleriň arasynda, nebit-gaz pudagyndaky netijeliligi ösdürmek planlaryndan başga, hususy pudagy we telekeçiligi goldamak hem bar.
Emma ýerli synçylar, şol sanda ýazyjy Amanmyrat Bugaýew 2017-nji ýylyň ahyrynda jemagat hojalygy hyzmatlarynyň nyrhlarynyň ýokarlanmagy netijesinde, tölegleri eýgermän, köp telekeçiniň işini ýapmak kararyna gelýändigini habar berdi.
Şeýle-de prezident, “döwlet maýa goýumlaryny azaltdyk” diýen sözleriniň yz ýanyndan 43 milliard dollarlyk gurluşyk desgalarynyň gurulýandygyny habar berdi.
Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýändigini, muňa energiýa nyrhlarynyň arzanlamagy bilen bir hatarda, ýurtda döwlet serişdeleriniň hasabyna gurulýan we milliardlarça dollara durýan, ikinji tarapdan bu golaýda özüni ödemejek gurluşyklaryň, gurluşykdaky korrupsiýanyň hem sebäp bolýandygyny belleýärler.
Döwlet baştutany ýylyň dowamynda ýüze çykýan maliýe kynçylyklaryny düzetmek hakynda yzygiderli görkezme berdi, kadrlara käýinç paýlady, käbirlerini işden boşatdy. Şeýle-de, korrupsiýa baş goşmakda aýyplanyp, onlarça resmi işden boşadyldy, olaryň garşysyna jenaýat işleri gozgaldy.
...biz it ýylynda ähli zatlaryň göwnejaý, talabalaýyk we adalatly boljakdygyna bil baglap bileris. It ýagdaýyň üýtgäp durmagyny halamaýan hem bolsa, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy oňa ýaraýar.G.Berdimuhamedow
Prezident “walýutanyň hümmetini kem-kemden peseltdik” diýýän hem bolsa, dollaryň resmi kursy 3,5 manat derejesinde galyp, “gara bazar” kursy soňky on ýylda rekord derejä galdy, ýagny 10 manatdan geçdi.
Bu ýagdaý türkmen raýatlarynyň topar-topar bolup daşary ýurtlara gatnamagyna we döwlet kursundan manat töläp, walýuta almaga synanmagyna getirdi. Netijede, döwlet bank karlaryna gazaply çäklendirmeler girizdi.
Emma Berdimuhamedow bu problemalary, azyk harytlarynyň ençeme esse gymmatlandygyny, iş ýerleriniň ýeterlik bolmazlygy we kemeldilmegi bilen bagly meseleleri agzamady. Ol muňa dereke şu ýyl ýurtda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,5 göterim bolmagyna garaşylýandygyny habar berdi, “Döwlet býujetimiziň ýetmezçiligi iň pes derejede saklanyp galýar” diýdi.
Şonuň bilen bir wagtda, Berdimuhamedow “gelýän ýylyň geçen ýyla garanyňda has durnukly hem-de sazlaşykly boljakdygyny” belledi. Munuň sebäbi, türkmen lideriniň öz sözleri bilen aýdylanda, it “bütin ýylyň dowamynda asuda durmuşymyň goragynda durýar”.
“...biz it ýylynda ähli zatlaryň göwnejaý, talabalaýyk we adalatly boljakdygyna bil baglap bileris. It ýagdaýyň üýtgäp durmagyny halamaýan hem bolsa, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy oňa ýaraýar” diýip, döwlet baştutany aýtdy.
Şeýle-de Berdimuhamedow it “ak göwünli, hoşniýetli jandar, şöhrata kowalaşmaýar” diýdi we ýyldyz hasapçylaryna salgylanyp, indiki ýylda ‘dostluk bilen dogruçyllygyň” rowaçlanjakdygyny belledi.
Şu ýyl Türkmenistan, sentýabrda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlary bilen baglylykda, 'şöhrata kowalaşmaýan' türkmen köpegini şöratlandyrmaga çalyşdy, hatda Aşgabatda ite ýadygärlik hem dikildi.
Emma ýaşuly adamlar türkmençilikde ite diňe wepaly jandar hökmünde garalmaýandygyny, başgaça garaýyşlaryň hem bardygyny belleýärler. Mysal üçin, türkmençilikde giňden ykrar edilen şahyr Magtymgulyda “It ýalyn topraga dökseň hoşlanar”, “Bir guýruksyz itdir, gaçgyl, nesihat ýokmaýan ärden” diýen setirler bar.