Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan, Gazagystan öz dawalaryny Ýewraziýa ykdysady bileleşigi arkaly çözmegi ylalaşdylar


Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbai Jeenbekow (ç) we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Astana, 25-nji dekabr, 2017
Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbai Jeenbekow (ç) we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Astana, 25-nji dekabr, 2017

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbai Jeenbekowyň metbugat-gullugy onuň iki ýurduň arasyndaky dawalary çözmek üçin Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň çäginde işleşmek barada Gazagystanyň premýer-ministri Bakytžan Sagintaýew bilen ylalaşandygyny mälim etdi.

Metbugat gullugynyň 26-njy dekabrda çap eden beýanatyna görä, ylalaşyga Jeenbekowyň Astana eden saparynyň dowamynda gelnipdir. Beýanatda Jeenbekowyň iki ýurduň aragatnaşygyna zeper ýetirýän meseleleri aradan aýyrmak boýunça çärelere üns bilen syn edýändigini aýdandygy habar berilýär.

Jeenbekow 25-nji dekabrda Astana baryp, Gazagystanyň premýer-ministri Bakytžan Sagintaýew we prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

Iki ýurduň aragatnaşyklary Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň ýurduň 15-nji oktýabrda geçiren prezidentlik saýlawlaryna goşulmakda Gazagystany aýyplamagynyň we Nazarbaýewiň uzak wagtlap ýurt başynda galmagyny tankyt etmeginiň yzýany ýaramazlaşypdy.

Gazagystan tarapyndan ret edilen bu aýyplamalar Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň 19-njy sentýabrda gyrgyz oppozisiýasynyň lideri Babanow bilen duşuşyk geçirmeginiň yzýany edilipdi.

XS
SM
MD
LG