Orsýetiň 2018-nji ýylyň gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna girizilen gadagançylyk dünýäde el çarpyp garşylamakdan gahar-gazaba çenli dürli reaksiýa döretdi.
Dopinge garşy resmiler Halkara Olimpiýa komitetiniň 5-nji dekabrda yglan eden kararynyň uzak wagtlap dowam edýän dopinge garşy göreşde möhüm tapgyr bolandygyny we onuň bikanun dermanlaryň ulanylmagyna päsgel berip, arassa atletleri goldajagyny we ruhlandyrjagyny aýtdylar.
“Arassa atletler möhüm ýeňiş gazandylar” diýip, ABŞ-nyň Dopinge garşy agentliginiň başlygy we Orsýetiň tankytçysy Trawis Tygart aýtdy. Tygart Orsýeti 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Olimpiýa oýunlaryny talamakda aýyplapdy.
Orsýetde sportsmenleriň doping ulanmagynyň döwlet derejesinde goldanýandygy boýunça geçen ýylda çap bolan hasabatyň awtory kanadaly derňeýji Riçard MakLaren komitetiň kararyny gutlady.
Orsýetiň häkimiýetleri karara gahar-gazap bildiren hem bolsalar, olimpiadany boýkot etmek ýaly ar alyjy çäreleri yglan etmediler.