Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow baýramçylyk göwdasyny gurnamagy tabşyrdy


Aşgabatdaky "Kämil bazar"
Aşgabatdaky "Kämil bazar"

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Orazmyrat Gurbannazarow 1-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurduň "söwda ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, içerki bazaryň ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilişi" barada hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Prezident hasabaty diňläp, “alyjylara hyzmat edilişiniň medeniýetine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny, ýurduň ilatynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak, söwda nokatlarynda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini” belledi.

Şeýle-de neşir döwlet baştutanynyň wise-premýere dekbar aýynda bellenilýän Bitaraplyk baýramçylygynyň öňünden baýramçylyk söwdasyny guramak boýunça anyk görkezmeleri berendigini nygtaýar.

Türkmenistanda soňky ýyllarda dürli azyk önümleriniň yzygiderli gytalýandygy, soňky wagtlarda bolsa un gytçylygynyň we gymmatçylygynyň başlanandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG