Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamçy aktiwistler ganly çaknyşykdan soň ikinji gün polisiýa bilen çaknyşdy


PAKISTAN, Yslamçy partiýanyň goldawçylary. Arhiw suraty.
PAKISTAN, Yslamçy partiýanyň goldawçylary. Arhiw suraty.

Yslamabadyň eteginde üç hepdä golaý saklanan protestçi lagerleri aýrylmazyndan öň maşynlary otlap, Pakistanyň yslamçy partiýalarynyň aktiwistleri tapgyr ikinji gün howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdylar.

26-njy noýabrdaky zorlukly wakalar berk liniýaly yslamçylar bilen Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda azyndan alty adam ölüp, 200-den gowrak adam (köpüsi polisiýa ofiseri) ýaraly bolandan bir gün soň boldy.

Bu zorluklar Pakistanyň Içeri ministrliginiň 25-nji noýabr güni giçlik, şäherde “kanunçylyga we düzgün-tertibe gözegçilik” üçin ýurduň goşunlaryndan “ýeterlik möçberde esger’ ýerleşdirmegi buýurmagyna getirdi.

Goşundan getirilen esgerler ynjyk desgalaryň, diplomatik howlularyň, şeýle-de sud, parlament, prezident we premýer-ministr, Daşary işler ministrligi binalarynyň howpsyzlygyny üpjün etmelidi.

Emma 26-njy noýabr güni irden töweregi gabalan Faýzabad etrabyndaky protest lageriniň daşyny polisiýa we ýarym harby güýçler alan hem bolsa, ol ýerde goşun esgerleri bolmady.

2 müň çemesi protestçi 6-njy noýabrdan bäri, Yslamabada gelýän esasy ýoly baglap, bu ýerde protest lagerini döretdi.

26-njy noýabr güni irden protest ýygnanyşygynyň has ulalandygy, şol sanda oňa “Tehreek-e Labaik Ya Rasool Allah” partiýasynyň hem birnäçe müň agzasynyň goşulandygy belli boldy. Protestler başga şäherlere, şol sanda Karäçä hem ýaýrady.

XS
SM
MD
LG